Penşenbe güni Günorta Koreýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýa tarapyndan hüjüme uçran adada goranyşy güýçlendirjekdigini aýtdy.
Prezident Lee Mýung-bakyň bu karara gelmegine sebäp bolan zat Demirgazygyň bular ýaly hüjümleriň ýene-de mümkindigini duýduranlygy.
Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri Günorta Koreýa edilen bu hüjümler “äsgermezçilikli harby prowokasiýa” berilýän gaýtargy diýýär.
Demirgazygyň Günorta Koreýanyň Ýeongpýeong adasyna eden hüjüminde iki esger we parahat ilatdan hem iki adam öldi. Ýaralananlaryň sany 18.
Hüjümden soň gyssagly hökümet ýygnagyny geçiren Lee Mýung-bak: “Günorta Koreýa ýene hüjüm edilmegine taýýar bolmaly” diýdi.
“Demirgazyk Koreýanyň ýene bir mümkin prowokasiýasyna taýýarlyk görüp, hüşgärligi elden bermeli däl” diýip, Lee aýtdy.
Phenýanyň 1,300 töweregi ilatly we harby bazalar ýerleşýän Ýeongpýeong adasyna hüjüm etmegi Koreý ýarymadasynda agyr krizise getirdi.
Birleşen Ştatlar aradan salym geçirmän öz goňşusyny we ýakyn ýaranyny saklanmaga çagyrmak barada Hytaýa gysyş görkezdi.
Demirgazyk Koreýa bu hüjümi Günorta Koreýanyň bu adada geçirýän harby türgenleşigine jogap hökmünde ýola goýandygyny aýdýar.
Hytaýyň daşary işleri ministri Ýang Jieçi özüniň Günorta Koreýanyň paýtagty Seula planlaşdyrylan saparyny yza süýşürdi.
Pekinde Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Lei Günorta Koreýadan bu sapar üçin başga bir sene soralandygyny aýtdy.
Ol: “Biz Phenýanyň Günorta Kreýanyň geçirýän harby türgenleşiginden nägiledigine hem düşünýäris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Biz taraplaryň ikisi-de regiona parahatçylyk getirmek üçin has köp tagalla eder diýen umytda. Biz bu ugurda işleşmäge meýilli” diýip, Hong Lei aýtdy.
Ol: “Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň harby türgenleşigi baradaky habarlara hem üns berdik. Bu barada hem öz aladamyzy bildirýäris” diýdi.
Hytaýyň resmisi Hong Lei Hytaý bilen Birleşen Ştatlaryň bu krizis barada ýakyndan pikir alyşýanlygyny hem mälim etdi.
Sişenbe güni bolan hüjümde Ýeongpýeong adasynda ot düşüp, köp öýler dargady. Hökümet ilaty başga ýere göçürmeli boldy.
Adanyň ýaşaýjysy Býun Jae-Soon: “Ýagdaý aýdyp düşündirer ýaly däl. Näme diýjegimi bilemok. Bular ýaly ot ozal gören zadym däl” diýýär.