Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak syýasy ysmazdan gutulmaga çalyşýar


Yragyň prezidenti Jalal Talabani (sagda) we premýer-ministri Nuri al-Maliki
Yragyň prezidenti Jalal Talabani (sagda) we premýer-ministri Nuri al-Maliki
Yragyň syýasy durmuşynda 8 aýlap dowam eden çykgynsyz ýagdaýyň soňuna çykmak barada barýan tagallalarda penşenbe güni uly öňegidişlik boldy.

Yragyň prezidenti Jalal Talabani resmi taýdan premýer-ministr wezipesine geçen Nuri al-Malikiden milli agzybirligi ornaşdyryp biljek başarnykly hökümet gurmagy sorady.

Bu pursat ýurdy ýene bir möhlet dolandyrmak üçin al-Malikä berilýän mümkinçilik bolup durýar. Indi, garaýyşlarda bar bolan tapawutlyklary ýeňip geçip, agzybir işleşmeli adamlar - syýasatçylar.

‘Ýene bir demokratik däp’

“Biz bu gün parlamentiň iň uly blogunyň kandidaty, doganymyz jenap Nuri al-Malikiden täze hökümet gurmagy soramak bilen, Baş kanunyň 76-njy maddasyna laýyklykda demokratik däplere ýene bir demokratik däp goşýarys” diýip, prezident Talabani aýtdy.

Soňra ol: “Täze hökümet hiç bir adamy aýratyn tutman, hakyky milli ýaranlygyň keşbi bolar. Biz syýasy bloklaryň hemmesi kabinet üçin öz kandidatlaryny saýlanlarynda netijelilik, professionallyk we bütewilik prinsiplerinden ugur alar diýip, umyt edýäris” diýip, sözüne goşdy.

Ýaňy, iki hepde mundan ozal, şaýy, sünni we kürt ýolbaşçylary ýokary derejeli syýasy orunlary özara bölüşmek barada ylalaşdylar. Mart aýynda geçen we anyk netije bermedik parlament saýlawlaryndan bäri hökümetsiz galan Yraga täze hökümet gurmaga umyt berýän zat şu ylalaşyk.

30 gün möhlet

Indi dürli toparlardan saýlanan adamlar bilen hökümet gurmak üçin al-Malikä 30 gün wagt bar. Bu hem bar bolan toparlar arasyndaky duşmançylykly garaýyşlary göz öňüne getireniňde aňsat iş däl.

Yragyň prezidenti Talabaniniň çakylygyny kabul eden al-Maliki öňde päsgelçilikleriň bardygyny boýun alyp, bu iş üçin özüne bloklaryň ählisinden goldaw gerekdigini aýtdy.

“Meniň üstüme alan wezipäm ýeňil iş däl, aýratyn-da, biziň eziz watanymyz Yragyň şaýat bolup duran häzirki ýagdaýynda. Bu işi hiç bir adam ýekelikde edip bilmez. Üstünlik gazanyp, ýurdumyzy bu howply ýagdaýdan çykarmak üçin hemmämiz bilelikde işläp, ähli potensialy bir kemsiz jemlemeli” diýip, al-Maliki aýtdy.

Premýer-ministr Al-Malikiden hökümet gurmagy soran kürt prezident Talabaniniň özi hem bu wezipä iki hepde mundan özal gaýtadan saýlandy.

Päsgelçilikler we bäsdeşler

Al-Malikiniň päsgelçilikler diýýäniniň biri - öz esasy bäsdeşi, esasan sünnilerden durýan “Yrakiýe” blogunyň başlygy, öňki premýer-ministr Aýad Allawi we aralarynda birek-birege bolan ynamsyzlyk.

Şaýy premýer-ministr üçin iň kyn mesele “Yrakiýä” haýsy orunlaryň berilmelidigi. Sünni ilatda möhüm orunlardan çetleşdirilidi diýen duýgy dörän ýagdaýynda, ýene bölünişik bolup, gazaply hereketlere dolanylmagy mümkin.

Täze hökümetde wajyp orunlar Nebit we Maliýe ministrlikleri bolar diýip, pikir edilýär. Sebäbi Yrak uzaga çeken gowgaly ýyllardan soň öz ykdysadyýetini dikeltmek isleýär.

Al-Maliki Birleşen Ştatlara garşy durýan ruhany Muktada al-Sadryň yzyna eýerýänlere hem haýsy wezipeleri bermek barada berk oýlanmaly bolar. Bu şaýy ruhanysy sentýabrda al-Malikini goldady. Ýöne onuň adamlaryna hökümetden bir orun bermegi kynlaşdyrýan zat - bu ruhanynyň Amerika garşy tutumy, şeýle hem onuň Eýran bilen berk baglanşyklydygy.
XS
SM
MD
LG