Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kompýuteriň Türkmenistandaky kyn ýoly


Timur Hoja ogly : "10 ýyl mundan ozal amala aşyrylan bolsa, onda muňa gowy täzelik diýse bolardy..."
Timur Hoja ogly : "10 ýyl mundan ozal amala aşyrylan bolsa, onda muňa gowy täzelik diýse bolardy..."

Mundan birnäçe aý owal prezdient Gurbanguly Berdimuhamedow elektron hökümeti düzmek barada karara gol goýdy. Şondan soň käbir täze alamatlar hem göze ilip ugrady.


Soňky hökümet maslahatyna gatnaşan ýokary derejeli resmileriň önünde kompýuterleriň peýda bolmagy prezidentiň şu tabşyrygynyň ýerine ýetirelýändigini görkezýär diýip, düýbi Wenadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiýatiwasy” guramasy ýazýar.

Eýsem, türkmen resmileriniň hökümet maslahatynda kompýuter ulanmagynyň olaryň işlerine nähili täsir etmegi mümkin? Bu ädim ýokary derejeli resmilere internetdäki maglumatlaryň doly elýeterliligini üpjün edermi?

Düýbi Wenadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiýatiwasy” topary Türkmenistanda şu ýylyň aprel aýynda elektron hökümeti düzmek barada karar kabul edilendigine garamazdan, soňky hökümet mejlisine gatnaşanlaryň hiç biriniň kompýutere elini hem degirmän, adatdakylary ýaly ruçka we depderçe ulanmagy makul bilendiklerini belleýär.

Ýöne, oňyn ädim…

Türkmen parlamentiniň öňki deputaty we oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow hökümetiň mejlisinde kompýuterleriň ulanylyp başlanmagynyň oňyn ädimdigini aýdar: “Sebäbi, häzir bütin dünýä kompýuterde işleýär. Bu türkmen hökümeti üçin oňyn açyslyk, täzelik diýip aýtsa bolar”.

Azatlyk Radiosynyň analiz merkeziniň žurnalisti we Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer hem onuň pikiri bilen ylalaşýar.

“Elbetde, munuň gowy täzelikdigini aýtmaly. Sebäbi, prezident Berdimuhemedowyň hut özi her bir mekdebiň kompýuterleşdiriljekdigine söz beripdi. Indi ol halka görelde görkezmeli ahyry. Eger ýokary derejeli resmiler kompýuter bilen nähili işlemelidigini bilmeseler, onda bu gelşiksiz ýagdaý” diýip, Brýus Pannier belledi.

Emma, Türkiýäniň Koç uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa boýunça bilermen Timur Hoja ogly Türkmenistandaky bu işiň 10 ýyl töweregi gijikdirilen işdigini aýdýar.

“Eger bu 10 ýyl mundan ozal amala aşyrylan bolsady, onda muňa gowy täzelik diýse bolardy. Emma, häzir dünýäniň köp ýerinde kompýuter tehnologiýasy orta mekdeplerde-de giňden ulanylyp gelinýär” diýip, professor Timur Hoja ogly nygtady.

Resmilere nähili ýol açylar?

Häzirki döwürde Internet maglumatlar ummany bolup durýar. Oňa girip, islendik maglumaty ýa-da belli şahslaryň eserlerini, makalalaryny tapmak mümkin.

Eýsem, türkmen hökümetiniň agzalarynyň kompýuter bilen üpjün edilmegi olaryň islendik maglumatlar ýa-da daşary ýurtly kärdeşleriniň iş tejribeleri bilen içgin tanyşmaklaryna mümkinçilik berermi?

Azatlyk Radiosynyň analiz merkeziniň žurnalisti we Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýrus Panniýer Türkmenistanda diňe döwletiň kontrollygyndaky internet prowaýderiniň bardygy üçin, resmileriň maglumatlar bilen tanyşmaklarynyň çäkli boljakdygyny aýdýar.

Soňky döwürde Türkmenistanyň käbir döwlet edaralarynyň we Merkezi Bankynyň internet sahypasy açyldy. Emma, olarda maglumatlaryň juda azdygyny görmek bolýar. Emma, beýleki tarapdan, dünýä liderleriniň köpüsiniň şahsy internet saýtlarynyň hem bardygyny bellemek ýerlikli bolar.

Mysal üçin, ABŞ-nyň, Orsýetiň prezidentleri ýa-da Germaniýanyň kansleri öz internet sahypalary arkaly raýatlaryň sowallaryna jogap berýärler, çykyş edýärler. Emma, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowda şeýle sahypa entek ýok.

Parlamentiň öňki deputaty H.Söýünow: “Belki, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow internetiň ýagdaýyny bilýän hem däldir. Ikinjiden, meniň pikirimçe, Berdimuhamedow halk bilen göni gürleşmekden juda çekinýän bolmaly. Sebäbi, onuň halka aýdara zady ýok ýa-da onuň halka aýtjak zatlarynyň ýalanlygyny halk derrew Internetde ýüze çykarjak. Men problemany şunda görýärin” diýip, öz garaýşyny mälim etdi.

Türkiýäniň Koç uniwersitetiniň professory Timur Hoja ogly türkmen resmileri halkyň meselelerini öwrenip, olary prezidente ýetirip bilen halatynda, olaryň kompýuter we Internet ulanmaklarynyň il-ýurt üçin peýdaly boljakdygyna ynanýar.
XS
SM
MD
LG