Norwegiýanyň Nobel komitetitiniň berýän maglumatlaryna görä, Hytaý bilen birlikde ýene dünýäniň 18 döwleti Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin çakylygy kabul etmändirler.
Şu ýyl bu baýragy hytaýly dissident Liu Şiabo bermeklik karar edildi. Häzirki wagt ol türme tussaglygynda saklanylýar.
Anna güni geçiriljek bu dabara käbir döwletleriň, şol sanda, Owganystanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Päkistanyň, Orsýetiň, Serbiýanyň we Ukrainanyň wekilleri dürli sebäplere görä gatnaşmaýarlar.
Hytaýyň Daşary işleri ministrliginiň metbugat wekili Jiang Ýu bu dabara gatnaşyjylary tankytlady. Ol şeýle-de bu dabarany “masgarabazlaryň sahna çykyşy ýaly dabara” diýip häsiýetlendirdi.
Nobel Komitetiniň aýtmagyna görä, Hytaý Liu Şiabo baýrak bermek dabarasyna beýleki ýurtlaryň wekillerini gatnaşdyrmazlyk üçin öň hiç görülmedik kampaniýany alyp barýar.