Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan gyzynyň ýüzüni betnyşan etmekde onuň gaýyn atasy tussag edildi


Aýşa atly ýaş owgan gyzynyň ýüzüni betnyşan etmekde aýyplanyp onuň gaýyn atasy tussag edildi diýip, düýn Owganystanyň polisiýa resmileri habar berdiler.

2009-njy ýylda 18 ýaşyndaky Aýşa öz ärinden gaçyp gidipdi. Aýşa tutulanyndan soň, jeza hökmünde oňa erbet sütemler görkezilipdir.

Ýerli talyplaryň baştutanynyň görkezmesine laýyklykda, Aýşanyň burny we gulaklary kesilipdir.

Polisiýanyň berýän maglumatlaryna görä, Aýşanyň gaýyn atasy şu hepdäniň içinde ýurduň Uruzgan welaýatynda tussag edilipdir. Oňa resmi taýdan aýyplama ýöňkelendigi barada entek doly maglumat berilmedi.

Talyp wekilleri Aýşanyň sütemlere sezewar edilmegine öz gatnaşyklarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu “maşgala dawasy” bolupdyr.
XS
SM
MD
LG