Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan elektron şahadatnamalary planlaşdyrýar


Düýn owgan hökümeti 100 million dollarlyk elektron şahadatnama sistemasy baradaky planyny mälim etdi.

Bu plan esasynda Owganystanyň ähli ilatyna bäş ýylyň içinde elektron şahadatnamalary, ýagny, şahsyýeti kesgitleýji kartlar berler.

Gapjyk ölçegindäki arzan kartlarda sürüjilik şahadatnamasy, ulagyň hasaba alnyş maglumatlary, gol hem ses beriş registrasiýasy bolar.

Owganystanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Amirzaý Sangin metbugat ýygnagynda täze sistemanyň has adalatly, açyk we netijeli saýlaw geçirmäge hem ýardam etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG