Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler


Küweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň milli olimpiýa komitetiniň arasynda düýnki gol goýlan ylalaşyga laýyklykda, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda geçirilýän nobatdaky Aziýa oýunlary Aşgabatda geçiriler.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow mälim etdi diýip, “Türkmenistan.ru” internet gazeti ýazýar.

Maglumata görä, Aşgabatda geçjek bu ýaryşda sportuň ýeňil we agyr atletika, basketbol, woleýbol, gandbol, mini-futbol, dzýudo, taekwando, göreş, tennis we beýleki ugurlary boýunça türgenler öz güýçlerini synarlar.
XS
SM
MD
LG