Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siwilizasiýa we millet


Hojamedow: "XXI asyrda nesil çalyşmak prosesiniň dowam etmegi hem-de dünýä siwilizasiýasynyň çäkleriniň açylmagy adaty ösüş ýoluna düşmek mümkinçiliklerini döredýär".
Hojamedow: "XXI asyrda nesil çalyşmak prosesiniň dowam etmegi hem-de dünýä siwilizasiýasynyň çäkleriniň açylmagy adaty ösüş ýoluna düşmek mümkinçiliklerini döredýär".
XX asyr – türkmen milletiniň Ýewropa siwilizasiýasynyň akymyna goşulyp başlan eýýamy diýsek, ýalnyşmarys. Dogry, gadymy we orta asyrlarda-da biziň topragymyzda ösen siwilizasiýalar bolupdyr. Biziň eramyzdan öň Marguş, Parfiýa, Änew ýaly siwilizasiýalaryň dünýäde yz galdyryp gitmegi, soňra biziň eramyzda Seljuklar, Horezmiler siwilizasiýalarynyň döräp, adamzat medeniýetiniň, ylmynyň baýlaşmagyna öz täsirlerini ýetirendigi taryhy faktdyr. Emma şol siwilizasiýalaryň mirasdüşerleri bolan türkmenlere soňra taryhy toprakda merkezleşdirilen döwlet gurup, döwrebap dünýä siwilizasiýasyna ýakyndan goşulyşmak ençeme asyrlap başartmandyr.

Ýewraziýanyň etnosyny we medeniýetini öwrenen belli alym Lew Gumilýowyň “Etnoslar, ýagny dürli milletler taryhy ösüş ýolunda belli bir sebäpleriň, basyp alyjylykly uruşlaryň we beýleki faktorlaryň täsir etmegi bilen ýitip gidýärler ýa-da taze etnoslar bilen garyşýarlar. Olaryň galan bölekleri bolsa dünýä siwilizasiýasynyň ösüş ýolundan çetde galyp, durgunlyk akymyna düşýär” diýip bellemegi türkmen milletiniň geçen we geçýän menzillerini ýada salýar.

XIX asyryň ikinji ýarymynda türkmen topragynyň aktiw ösüş ýolundaky Demirgazyk siwilizasiýasy ýa-da Rus imperiýasy tarapyndan basylyp alynmagy, ýerli milletiň dünýäniň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmaga ymtylyşyny ösdürýär. Eger ilki rus generallary merkezi hökümete berýän hasabatlarynda ýerli milleti ýabany we wagşy hasap edip, olaryň siwilizleşmäge ukyplarynyň ýoklugy hakynda ýazan bolsalar, wagtyň geçmegi bilen olar bu pikirlerinden dänip başlapdyrlar.

Şol döwrüň türkmen han-begleri, serkerdeleri, iri täjirleri, özlerini boýun egdiren siwilizasiýanyň hemmetaraplaýyn güýçli we gurat düzülendigine göz ýetirip, onuň ýoluny öwrenmäge, olardan sapak almaga girişipdirler. Ilki bilen barly türkmenler öz ogullaryny demirgazykdan gelen siwilizasiýanyň merkezine – Peterburga, Moskwa, Odessa, Orenburga döwrebap hünär, bilim almaga okuwa iberipdirler. 10-15 ýyldan soň, türkmenleriň ýaş nesli dürli hünärleri öwrenipdirler. Elbetde, olaryň ilkinji alan käri harby hünärler bolupdyr. Bu kärem olara at-abraýdan başga şol döwrüň siwilizleşen ýurtlarynda türkmen milletine bolan negatiw garaýyşlaryň dolulygyna üýtgäp başlamagyna getiripdir.

XX asyryň başlarynda Demirgazygyň we Ýewropanyň siwilizasiýasyndan sapak alan etniki türkmenleriň gatlagy döreýär. Olaryň ençemesiniň Birinji jahan urşuna gatnaşmagy olara Ýewropa medeniýeti bilen tanyşmaga gowy mümkinçilik berýär hem-de olarda hukuk döwlet gurluş sistemasy hakdaky ilkinji düşünjeleri döredýär.

Türkmenleriň belli serkerdeleriniň biri, Gökdepe galasyny goramakda at alan Dykma serdar öz ogly Orazberdini Sankt-Peterburgdaky harby mekdebe okuwa ugradýar. Orazberdi rus goşunlarynyň polkownik, soňra-da, 1918-nji ýylda, general derejesine ýetip, il arasynda Oraz serdar lakamyny alýar. Oraz serdar Aşgabatda döredilen Wagtlaýyn hökümetiň harby ministri bolýar. Ol Türkmenistany özbaşdak ýurt etmegiň aladasynda bolupdyr. Ýöne ol arzuwlaryny durmuşa geçirmäge wagtlaýyn hökümetem, soňraky bolşewiklerem ýol bermändirler.

Gökdepe galasynyň ýene bir gahrymanlarynyň biri Öwezbaý ady bilen tanalan serkerdedir. Onuň ogly Seýitmyrat Öwezbaýew ruslaryň tälimini alan şahslaryň biridir. Ol 1905-nji ýylda Ýelizawetgradyň harby uçilişesinde okaýar. Polkownik derejesine ýeten Seýitmyrat harby kärden başga ylym, bilim bilen ýiti gyzyklanypdyr. Ol birnäçe daşary ýurt dillerini bilipdir. 1918-nji ýylda ol Wagtlaýyn hökümetiň harby serkerdeleriniň biri bolýar. Seýitmyrat Öwezbaýew türkmenleriň özbaşdak ýaşamaga ukybynyň barlygyna ynanypdyr. Bolşewikler hökümetiniň üstün çykmagy ony aktiw syýasy göreşden saklasa-da, ol öz halkyna hyzmat etmekden çekilmändir.

Wideo: "Gaýgysyz Atabaýew" filminden. (Türkmenfilm)



Türkmenistanyň ilkinji Halk komissarlar sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew Seýitmyrat Öwezbaýewiň tejribesini öz hökümetinde ýerlikli ulanypdyr. Atabaýew ony uly wezipelere belläp bilmese-de, geçirýän döwlet maslahatlaryna hökman çagyrar ekeni. Öwezbaýew 1929-njy ýyla çenli türkmen edebi mirasyny halka ýetirmekde uly işler geçiripdir. Ol türkmen dessanlaryny, ertekilerini we Magtymgulynyň goşgularyny jemläp, çapa taýýarlanlaryň ilkinjisidir.

Türkmenleriň taryhynda uly yz galdyran şahslaryň ýene biri Kyýat hanyň agtygy Garaşhan Ýomudskidir. Ruslaryň arasynda ol Nikolaý Ýomudskiý ady bilen tanalypdyr. Garaşhan ir döwürden, ýagny çagalyk ýyllaryndan başlap, demirgazyk siwilizasiýasynda sapak alan türkmenleriň ilkinjileriniň biridir. Ol öz sowady we bilimi bilen rus kärdeşleriniň arasynda-da saýlanypdyr.

1917-nji ýylda polkownik Nikolaý Ýomudskiý Wagtlaýyn hökmetiň görkezmesi bilen türkmen ülkesiniň (oblastynyň) komissary bolýar. Türkmenistanda bolşewistik häkimiýet gurlansoň, Ýomudskiý ähli ünsüni türkmen ýaşlaryny okuwly, bilimli etmäge gönükdirýär. Ol diňe sowatly türkmen ýaşlarynyň geljekde gadymy toprakda garaşsyz döwlet gurmaga ukyplarynyň boljagyna ynanypdyr. Şol ynam bilen hem 1924-nji ýylyň ýazynda Ýomudskiý Moskwa Staliniň ýanyna baryp, türkmen ýaşlarynyň bir toparyny daşary ýurtlara okuwa ugratmagy teklip edipdir.

Elbetde, Stalin SSSR-iň ilkinji ýyllarynda onuň bu teklibini dübünden inkär etmän, Moskwanyň eteginde “Serebrenyý bor” diýlen ýerdäki öňki graf Karzinkiniň mülkünde türkmen ýaşlary üçin ýörite okuw internatyny - “Domprosy” (bilimler öýi) açmagy tabşyrýar. Ýomudskiý ilki bilen garyp ýetim-ýesir türkmen çagalarynyň 250 sanysyny ýygnap, Moskwa alyp gidýär.

Ilkinji ýyllar ýerli millet garaýagyz reňkli çagalary kabul etmän, olary hatda urup-ýenjipdirler. Soňra Ýomudskiniň arada durmagy bilen bu gapma-garşylyk parahat çözlüp gidipdir. 1928-nji ýylda Ýomudskiniň ýogalmagy bilen bu okuw jaýy hem 1929-njy ýylyň başynda ýapylýar. Bäş ýylyň dowamynda hereket eden “Türkmen Domprosynda” bilim alan türkmen ýaşlary 1930-njy ýyllarda bilimli we sowatly adamlar bolup ýetişýärler. Olaryň köpüsi soňra 37-nji ýyllaryň tutha-tutlugynda ýok edilýär. Ýomudskiniň okuwçylarynyň birnäçesi Ikinji jahan urşuna hem gatnaşýarlar.

Demirgazyk siwilizasiýanyň täsiri bilen XX asyryň başynda birnäçe türkmen intellektuallary ýetişýär. “Gurt çagasyndan ekdi bolmaýşy” ýaly, demirgazyk rus siwilizasiýasyna türkmenlerden öz imperiýalary üçin wepaly hyzmatkär ýasamak hem başartmaýar. Uzak sowuk ýurtlarda bilim, sowat alyp, hatda dinlerinden geçip, Watana dolanyp gelseler-de, türkmen çagalary öz ülkelerini garaşsyz etmegiň arzuwynda bolupdyrlar.

Artykgül Teke gyzy (Tatýana Tekinskaýa) üç ýaşyndaka, 1881-nji ýylda grafinýa Milýutina tarapyndan Gökdepe galasyndan alnyp gidilip, Moskwa eltilýär, oňa gyzlar gimnaziýasynda, soňra Ýelizaweta adyndaky mugallymlar institutynda bilim berilse-de, onuň ata-Watana bolan duýgusyny ýüreginden öçürip bilmändirler.

Wideo: "Teke gyzy Tatýana" dokumental filminden.



Teke gyzy Tatýana türkmençe bir söz bilmese-de, öz topragyna gelip, obalarda türkmen çagalaryna bilim beripdir. Ol öz zähmeti üçin pulam soramandyr, diňe iýjek çöregini berseler, şonuň bilen hem oňup ýaşapdyr. Ol Garaşhan Ýomudskiý we Muhammetguly Atabaýew bilen bilelikde türkmen topragyny azat we garaşsyz etmek göreşiniň ilkinji kerpijini goýupdyr.

Demirgazyk siwilizasiýasynyň medeniýetini we okuwyny geçen türkmenlerden doganlar Kakajan bilen Bekgi Berdiýewler, Muhammet Geldiýew, Hajy Myrat, Kümüşaly Böriýew, Abdulhekim Gulmuhammedow, Bäşim Pereňliýew, Oraz Wepaýew ýaly başgada ençeme gerçekleri şu sanawa goşsa bolar. 1920-1930-njy ýyllaryň dartgynly wakalary we soňraky ýyllaryň stalinçilik repressiýasy demirgazyk siwilizasiýasynyň täsirinden dörän türkmen intelektullaryny öz halkyndan jyda düşürýär.

Demirgazyk siwilizasiýasynyň bolşewikler režimi tarapyndan marginallaşdyrylmagy, ýagny onuň galyba salynmagy, türkmen milletiniň intellektual ukybynyň çägini daraldýar. Nesiliň üýtgemegi bilen bu göýdüklik millete has aýdyň ornaşýar. Halk, Watan diýen duýgular adaty şygara öwrülýär. Watan üçin gan dökmek gury söz bolup galýar.

XX asyryň aýagynda intellektuallaryň ornuna hünärmentler gelýär. Her bir ýokary bilim alan, eli diplomly özüni intelligent hasap edip başlaýar. Millete ýetmeýän siwilizasiýanyň gory aýdyň görnüp ugraýar. Ýurtda “tehnokratlar”, “düme biten miweler” köpelýär. Bu hem jemgyýetde siwilizlenmedik toparyň - “Lýumpenleriň” döremegine getirýär we milli ideýanyň ýol almagyny kynlaşdyrýar, onuň öňüne böwet bolýar.

XXI asyrda nesil çalyşmak prosesiniň dowam etmegi hem-de dünýä siwilizasiýasynyň çäkleriniň açylmagy adaty ösüş ýoluna düşmek mümkinçiliklerini döredýär. 2015-2020-nji ýyllarda Günbatar we Gündogar siwilizasiýalarynda okap hem ýaşap, öz Watanyna gaýdyp geljek nesil türkmen milletiniň ösüşine uly itergi berer. Diňe şu nesil Türkmenistany siwilizlenen ösüş ýoluna getirer, azatlyga çykarar. Şonda Türkmenistan ösen siwilizasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup, dünýä siwilizasiýasyna öz mynasyp goşandyny goşar. Bu ösüş hem ahyr netijede türkmen milli ideýasynyň dabaralanmagynyň başlangyjy bolar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG