Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene näçe gezek täzeden ýazylarka?


 Onunjy klas okuwçylary üçin 2009-njy ýylda neşir edilen türkmen edebiýaty kitabynyň «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölüminde diňe bir awtoryň ady bar.
Onunjy klas okuwçylary üçin 2009-njy ýylda neşir edilen türkmen edebiýaty kitabynyň «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölüminde diňe bir awtoryň ady bar.
Orta mekdepleriň onunjy klas okuwçylary üçin 2009-njy ýylda neşir edilen türkmen edebiýaty kitabyny elime alyp, oňa bir laý göz gezdirenimde, ýaşuly nesliň bir wekiliniň ir döwür gürrüň beren wakasy biygtyýar ýadyma düşdi.

1937-nji ýyllarda Staliniň basha-baslyk döwründe mekdep okuwçylary üçin niýetlenilip çykarylan edebiýat kitaplaryna girizilen ýazyjylaryň hem garalanýanlary kän bolupdyr. Täze geçilmeli tema şol garalanan ýazyja gabat gelende okuwçylara sapak berýän mugallym okuw kitabyndaky bu ýazyjynyň halk duşmanydygyny gürrüň berip, ol barada indi tema geçilmeýändigini düşündirýän eken. Şondan soň okuwçylaryň ählisi şol «halk duşmany» diýlen ýazyjynyň suratdaky gözüni köwleýän ekenler, ýüzüne ýaramaz hat ýazýan ekenler.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, mekdep okuwçylaryna niýetlenilip çykarylýan türkmen edebiýaty kitaplarynyň ykbaly edil ýokarda getiren mysalymyz deýin bolmasa-da, şoňa barabar boldy diýsek ýalňyşmasak gerek. Türkmen edebiýaty kitaplary her bäş ýyldan täzeçe düzüldi. Hususan-da, kitabyň «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölümi her döwür birhili ýazyldy.

Onunjy klas okuwçylary üçin 2009-njy ýylda neşir edilen türkmen edebiýaty kitabynyň «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölüminde ýekeje awtoryň ady bar, ol hem Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow. Bu bölümde Nyýazowyň döreden eserleri barada gürrüň berilýär.

Şu çaka çenli «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölümde käbir ýazyjylaryň Nyýazowyň kulty bilen bagly çeper eserlerine, makalalaryna giň orun berilýärdi. Ýöne olaryň atlary, ozalky edebiýat kitaplarynda bolan-da bolsa, täze kitapdan düýbünden aýrylypdyr.

Edebiýat kitabyndaky bu bölüm ýurtda Nyýazowyň kulty bilen bagly alnyp barylýan düşnüksiz syýasatdan habar berýär. Bir görseň, edebiýat kitabyna Nyýazowyň döredijiligi barada tema girizilipdir, başga bir tarapdan bolsa, Türkmenbaşynyň özüniň, döwrüniň waspy beýan edilen eserler düýbünden ýok edilipdir.

J.Allakowyň, T.Sadykowyň, R.Mustakowyň umumy redaksiýasynda neşir edilen bu edebiýat kitabyndaky «Çeper döredijilikde nogsanlyklar» diýen bölüminde çeper döredijiligiň syýasatlaşdyrylmagyna, şahsyýet kultuna berk tankydy garaýyşlar berilýär. Bu bölümde çendenaşa syýasatlaşdyrylan hem ideologik galypa salnan çeper döredijiligiň öz tebigatyndan daşlaşyp, gönümel aňyýet guralyna öwrülendigine we onuň çeper döredijilikde aýry-aýry halatlarda hakykatyň gowşamagyna, ýöntem eserleriň peýda bolmagyna sebäp bolandygy barada aýdylýar.

Elbetde, bu bölüm Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýatyndaky nogsanlyklary barada gidenok. Bu bölüm geçen asyryň türkmen edebiýaty barada, has takygy, sowet ideologiýasy döwründäki eserler barada gürrüň berýär.

Edebiýat kitabynyň «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölüminde hiç bir tankydy analiz berilmedik bolsa-da, bu bölümden geçen ýyllaryň edebiýat kitabyna girizilen birnäçe awtorlaryň atlaryna atanak çekilmegi, geljekde şol awtorlaryň-da eserleri hakda hakyky nukdaýnazaryň beýan ediljekdigine umyt bagladýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG