Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa özgerdiljek – adamlar biynjalyk


Moskwanyň täze meri Sergeý Sobýanin şäherdäki ownuk dükanlar we kiosklar barada görkezmeler berýär. 30-njy oktýabr, 2010.
Moskwanyň täze meri Sergeý Sobýanin şäherdäki ownuk dükanlar we kiosklar barada görkezmeler berýär. 30-njy oktýabr, 2010.

Moskwanyň täze meri Sergeý Sobýaniniň häkimiýet başyndaky ilkinji ädimleri Orsýetiň paýtagtynyň köçelerinde 1990-njy ýyllarda pugta ornaşan kiosk söwda nokatlaryny ýok etmek çäresi bilen tapawutlandy.


Moskwanyň Belorusskiý demirýol wokzalynyň golaýyndaky köprüniň aşagynda hatarlanyşyp duran kiosklaryň öňünde alkogol, çilim, DVD disklerini we gyzgyn gutap satyn alýan adamlary ýyllar boýy görmek mümkindi.

Şu günki gün bu köprüniň aşagyndan geçýän ýol Moskanyň täze meri Sergeý Sobýaniniň inisiatiwasynyň durmuşa geçirlip başlanmagy netijesinde boşap galdy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Moskwa mer edilip bellenmeginiň yzysüre Sergeý Sobýanin şähere syýahat etdi we paýtagtyň merkezinde ýerleşýän Krasnopresnenskaýa metrostansiýasynyň golaýynda gören zatlaryndan lapykeç boldy.

Täze mer metronyň golaýynda kiosk söwda nokatlarynyň ýerleşmeginden nägile boldy. Ol kiosklaryň toplumyndan ýaňa metronyň öňündäki ýadygärligiň hem görünmeýänligini we söwda nokatlaryny elektrik togy bilen üpjün edýän simleriň, meriň öz sözi bilen aýdylanda, “sümük ýaly” sallanyp duranlygyny belledi.

Munuň yzýany S.Sobýanin şäheriň iki etrap ýolbaşçylaryny işden boşadyp, öwrülişikleriň başlananlygyny mälim etdi.

Sergeý Sobýaniniň şähere eden syýahaty 1990-njy ýyllaryň simwolyna öwrülen kiosklaryň ýok edilmeginiň başlangyjy boldy. Birnäçe günüň içinde Moskwanyň köçelerinden, parklardan we metrostansiýalardan ýüzlerçe kiosklar aýryldy. Bu çäreler Moskwanyň ýaşaýjylarynda dürli pikirleri döretdi.

Nägilelikler az däl

Meriň kararyndan nägile bolan adamlaryň biri 47 ýaşly Aleksandr Dutow. Ol Nowoslobodskaýa metrostansiýasynyň golaýynda gazet-žurnallary satýan kioskda satyjy bolup işleýär. Dutow ýüzlerçe adamyň işsiz galjagyny aýdyp, bu çäräniň moskwalylar we paýtagta gelýänler barada düýpli aladanyň ýokdugyny görkezýändigini belledi.

Tankytçylaryň sözlerine görä, täze kararyň esasy kemçiligi alkogol we çilim satýan söwda nokatlary bilen bir hatarda gök önüm, azyk önümlerini we gazet-žurnallary satýan kiosklaryň hem ýok edilmeginde.

Ýapylyp zyýan çeken şirketleriň biri “Hot dog” sosiskalaryny satýan “Star dogs” kompaniýasy. Onuň metbugat wekiliniň sözlerine görä, kompaniýanyň Moskwada 30-dan gowrak nokady bardy we olaryň her biri günde 30 müň rubl ýagny 1 müň dollar möçberinde girdeji getirýärdi.

Orsýetiň kiçi we orta biznes boýunça OPORA atly iň uly assosiasiýasynyň başlygy Sergeý Borisowyň “Siwilizlenmedik usullar bilen siwilizlenen biznesiň düýbüni tutup bolmaýar” diýip, bu ýagdaýa baha berdi.

Kiosk eýeleriniň käbirleri Sergeý Sobýanine resmi suratda ýüzlenip, sosial taýdan ähmiýete eýe bolan söwda nokatlarynyň dikeldilmegini talap etdiler. Olaryň pikiriçe, Arhitektura departamenti paýtagtda ownuk söwda üçin mümkinçilikleri döretmek meselesinde degişli karar çykarýança, kiosklaryň 1-nji maýa çenli işlemegine rugsat berilmegi zerur.

Şäher resmileriniň sözlerine görä, Moskwanyň köçelerinden söwda nokatlarynyň eýýäm 2200-si ýok edilipdir.

Şäheriň aýratynlyklary hasaba alynmaýar

Moskwanyň Karnegi Merkeziniň syýasy analitigi Nikolaý Petrowyň pikirine görä, S.Sobýaniniň bu täze karary onuň şäheriň işleýşiniň aýratynlyklaryndan habarsyzdygyny görkezýär. Ýöne kiosklaryň ýok edilmegi Sobýaniniň kopçülikde nägilelik döreden ýeke-täk hereketi däl.

Ol Twerskaýa köçesinden ulag duralgalaryny hem ýok etmegi tabşyrdy. Bu ilkinji nobatda hut şu çäre sebäpli alyjylarynyň sany kemelen gymmat moda dükanlarynyň eýeleriniň göwnünden turmady.

Şeýle-de, Moskwanyň täze meri paýtagtda adam sanyny azaltmak üçin pensionerleri başga şäherlere göçürmegi teklip etdi.

Köçelerdäki tölegli hajathanalaryň birinde gazanç edýän 57 ýaşly moldowaly migrant Galina kiosklarda işleýän adamlaryň ykbalyna gynanýar. Galina işsiz galan adamlaryň indi, harytlaryny egnine alyp, çem gelen ýerde söwda-satyk etmäge mejburdyklaryny aýtdy we olaryň özlerini hem çagalaryny eklemek üçin başga mümkinçilikleriniň ýokdugyny belledi.

Orsýetiň Migrantlar federasiýasynyň ýolbaşçysy Madzhumder Muhammad Aminiň sözlerine görä, kiosklaryň ýapylmagy migrant maşgalalaryna has uly zarba urdy we 7 müň çemesi adamy işsiz goýdy.
XS
SM
MD
LG