Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda hemişelik bazalary saklamagy mümkin


Düýn Birleşen Ştatlaryň tanymal senatory Lindseý Graham ýurduň resmileriniň Owganystanda hemişelik ýagdaýda ýerleşjek amerikan harby bazalaryny döretmek mümkinçiliklerini-de göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

Respublikan partiýasyndan senator Lindseý Graham bu barada NBC telekanalyna beren interwýusynda Owganystanda birnäçe amerikan howa bazasyny hemişelik ýagdaýda saklamaklygyň Owganystanyň we tutuş regionyň howpsuzlyk ýagdaýy üçin bähbitli boljakdygyny öňe sürdi.

Ol Owganystan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň gaýtadan terrorçylaryň kontrollygyna geçmezligi üçin ähli tagallalary etmelidigini nygtady.
XS
SM
MD
LG