Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arizona: Žered Li Lafnere sudda günä bildirildi


Duşenbe güni ABŞ-da Arizonadaky betbagtçylygyň pidalarynyň hatyrasy tutuldy. Şenbe güni Arizonada Amerikan Kongresiniň agşasy Gabriel Giffordsa hem onuň tarapdarlaryna hüjüm edilipdi.

Tutuş ýurt boýunça döwlet baýdaklary aşak düşürildi. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minut dymyşlyk yglan etdi.

Şu iş boýunça tussag edilen 22 ýaşly Žered Li Lafner suda getirildi we oňa formal taýdan günä bildirildi. Bildirilen günäleriň arasynda Kongresiň deputatynyň janyna bilkastlaýyn kast etmek hem bar.
XS
SM
MD
LG