Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: "Yraga Birleşen Ştatlaryň goldawy gerek bolar"


Öňünden duýdurmazdan penşenbe güni Yraga gelen ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Bagdada mundan beýläk hem amerikan ýardamynyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Baýden jezalandyrylyp öldürilen diktator Saddam Huseýne degişli bolan köşkde ençeme ýüz amerikan harbysynyň öňünde çykyş etdi.

Baýden Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň amerikan instruktorlarynyň goldawy bilen gün-günden uly progrese eýe bolýandyklaryny belledi. Onuň sözlerine görä, Yraga ABŞ tarapyndan goldaw ýene-de gerek bolar.

Baýden Bagdada gelenden köp wagt geçmänkä, yrak paýtagtynda üç bomba partlady, iki adam ölüp, 13-si ýaralandy. Bu barada “Frans-Press” habar berdi.
XS
SM
MD
LG