Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Aşgabada gelýär


Şu gün Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Aşgabada gelýär. Ol Barrosonyň Türkmenistana ilkinji resmi saparydyr.

Barrosonyň häzirki resmi sapary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogy aktiwleşdirmekde möhüm ädim bolar, häzir hereket edýän we geljegi uly, üstünde işlenýän proýektleriň we programmalaryň kontekstinde netijeli özara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler döreder diýip, TDH gullugy belleýär.

Barroso Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen syýasy ugurlar we energiýa meseleleri boýunça gepleşik geçirer.

Mundan öň Ýewrokomissiýanyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda bolup, bu ýurduň prezidenti bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Jarnama gol çekişipdi.
XS
SM
MD
LG