Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň goranmak ministri öz partiýasyny terk edýär


Duşenbe güni Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak özüniň 2007-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Işçi partiýasyny terk edýändigini yglan etdi. Ol “Garaşsyzlyk” atly täze partiýa döretjekdigini aýtdy.

Işçi partiýasynyň agzasy bolan başga-da dört deputat täze partiýa goşular. Ol premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň koalision hökümetindäki üçünji iri partiýa.

Ysraýyl radiosy Netanýahunyň Ehud Baragyň partiýany terk etmegi koalisiýa durnuklylyk getirer diýendigini habar berdi.

Partiýanyň käbir möhüm agzalary palestinliler bilen gepleşiklerde hiç hili ösüşiň ýokdugy üçin Işçi partiýasyny Netanýahunyň berk liniýaly koalisiýasyndan çykmaga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG