Halkara jemgyýetçiligi Moskwanyň “Domodedowa” aeroportunda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylandyr öýdülýän bomba partlamasyny ýazgaryp çykyş etdi.
BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun özüniň bigünä adamlaryň garşysyna edilen hasratly we akyla sygmaz zorlukdan hopugandygyny aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlygyň Orsýet bilen raýdaşlygyny beýan etdi we NATO bilen Moskwanyň terrora garşy söweşde has köp hyzmatdaşlyk etmegine çagyrdy.
Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Thorbjorn Jagland bu hüjümiň Ýewropanyň terrorizme garşy göreş tagallalaryny güýçlendirmelidigini görkezendigini, sebäbi onuň kontinente uly howp salýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Moskwa aeroportunda bolan terror hüjümini elhençlik hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.