Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahalar aýry bolsa-da, kök birdir


Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Mejlisdäki duşuşykda, 20-nji ýanwar, 2011.
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Mejlisdäki duşuşykda, 20-nji ýanwar, 2011.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen ýakynda geçiren duşuşygynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň alyp barýan işlerine özüniň nägileligini bildirdi.

Milli parlamentiň binasynda geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň adaty mejlislerini ýada saldy. Döwlet ýolbaşçysynyň halk wekillerini dik durzup, olara bellikdir görkezmeleri bermegi — daşary ýurt parlamentarizm sistemasynda ýaşaýan adam üçin geň bolup görnen-de bolsa, bu ýagdaý türkmenler üçin adaty bir waka ýaly boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen şeýle duşuşygyň geçirilmegi ýöne ýerden däldir. Oňa hökman täsir edýän wakalar ýa-da belli-belli ýagdaýlar sebäp bolýar.

Bu maslahatyň geçirilmegine itergi beren ýagdaýlaryň biri ýakynda Türkmenistana ilkinji gezek gelen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrosonyň resmi sapary boldy. Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen duşuşykda, elbetde, Türkmenistandaky adam hukuklary, umumy demokratik prosesleriň ýagdaýy baradaky meseleler gozgalandyr.

Mundan başga-da, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko garşy Ýewropa Parlamentiň kabul etjek dürli görnüşli sanksiýalary we Tunisdäki diktator prezident Ben Aliniň halk tarapyndan wezipesinden çetleşdirilmegi muňa itergi bolup biler.

Sebäbi näme?

Prezident Berdimuhamedow deputatlar bilen duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2 ýylyň dowamynda bary ýogy 66 kanun taýýarlan bolsa, käbir beýleki ýurtlaryň parlamentleriniň diňe bir möwsümde 500-den gowrak kanunçylyk namalaryna garaýandygyny belläp geçdi.

Munuň sebäbi nämädekä? Ýa biziň deputatlarymyz az hak alýarmyka? Elbetde, islendik keseli bejermek üçin onuň diagnozyny anyklamaly. Daşyndan syn edeniňde, Türkmenistanyň Mejlisi botlap bilmeýän maýa meňzeýär.

Prezident öz çykyşynda hususy eýeçilik barada kabul edilmeli kanunlaryň bökdelýändigini aýdýar. Mundan başga-da ýurt baştutany deputatlaryň öz etmeli esasy işlerini ýatlaryndan çykarandyklaryny, ýagny öz saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň sosial-ykdysady problemalarynyň aladasyny etmeýändiklerini, bilim barada kanunçylygyň ösdürilmeýändigini, ýaşlar hakynda alada edýän syýasatyň unudylandygyny, galyberse-de bir ýyllap dogup bilmedik “Syýasy partiýalar” hakynda kanunyň döremeýändigini we başga-da birnäçe kanundyr düzgünnamalaryň kabul edilmeýändigini tankydy nazary bilen belläp geçdi.

Ýokarda aýdylyşy ýaly, her bir keseli bejermek üçin ilki bilen onuň diagnozyny anyklamaly. Şondan soň keseli bejermäge girişmeli.

Türkmen parlamentarizmi aýratyn häkimlik şahasy hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň konstitusiýa girizen üýtgetmeleri bilen ykrar edilen hem bolsa, saýlaw prosesleri häzirem öňki awtoritarizm gurallary bilen geçirilýär. Ýokardan deputat bolmaly diýlen adamlar kandidatlyga hödürlenýär.

Eger beýleki döwletlerde parlamente professional taýdan taýýar adamlar görkezilýän bolsa, Türkmenistanda şol öňki döwürlerdäki ýaly kanunçylykdan, syýasatdan, ykdysadyýetden başy çykmaýan adamlar bellenýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň häzirki başlygy Akja Nurberdiýewa baryp Nyýazowyň döwründen bäri kanun çykaryjy parlamentiň ýolbaşçy wezipesinde işläp gelýär. Eger häzir Mejlisiň işini kanagatlanarsyz diýip hasap etseň, onda ol ilki bilen Akja Nurberdiýewa degişli bolmaly. Kanunlar wagtynda kabul edilmeýän bolsa, onda onuň ilki ýolbaşçysy jogap bermeli.

Erkinlik bolmasa...

Mejlisiň hatarynda 125 deputat bolsa-da, olaryň jemgyýetde barlygy asla bildirmeýär. Ýurtda söz azatlygy bolmany üçin, bolanja deputatlaryň güýjem, edýän işem ýitip gidýär.

Eger-de syýasy güýçleri bolmasa, onda deputatlar nädip öz saýlawçylarynyň aladasyny etsin!

Ýerlerdäki häkimlerdir we beýleki pudak ýolbaşçylarynyň hemmesi prezident tarapyndan bellenensoň, olar deputatlary äsgermezem, diýenlerinem etmez. Şonuň üçin ýerlerdäki ýolbaşçylar, welaýat, etrap häkimleri halk tarapyndan açyk saýlaw esasynda saýlanmaly.

Prezident “Bilim” barada kanunçylygyň ösdürilmegini nygtap geçdi. Emma Mejlisiň deputatlary baryp 2009-njy ýylyň 18-nji awgustynda “Bilim hakynda” kanun kabul edipdiler. Şol kanunda hususy okuw jaýlarynyň döremigine ýol açylýardy. Emma ýurduň Bilim ministrligi şol kanunyň düzgünnamasyny häzire çenli taýýrlamady. Muňa deputatlar bilen birlikde Bilim ministrligi hem jogap bermeli.

Berdimuhamedow ýaşlar barada aladanyň ünsden düşürilendigini aýdýar. Ol dogry. Ýaşlar eýýäm 20 ýyla golaý üns merkizinde däl. Ondan bäri eýýäm birnäçe nesil geçdi. Olar diňe çärelerde fon üçin ulanylýan sahna öwrüldiler. Ýaşlara durmuşa höwes, umyt bermek üçin olaryň öňüni açmaly, olara daşary ýurtlara gidip-gelmäge, okamaga, saýlap alan ýerlerinde işlemäge erkinlik bermeli.

Köpler ynanmaýar

“Syýasy partiýalar” hakynda kanunyň kabul ediljegine welin indi köpler ynanmaýar hem. Bu meselä diňe deputatlar däl-de, häkimýete degişli beýleki pudaklar-da jogap bermeli.

Geçen ýylyň maý aýynda prezident Berdimuhamedow “Syýasy partiýalar” hakynda kanunyň işlenip taýýar edilmelidigi barada, görkezme beren hem bolsa, Türkmenistanyň Mejlisinde-de, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky “Demokratiýa we Adam hukuklary baradaky Milli institutda-da” bu kanunyň taslamasy-da taýýar edilmedi.

Bir ýylyň dowamynda, onlarça kodeksler taýýarlap, kabul edip bolýarka, bäş kagyzdan ybarat kanun kabul edilmedi. Şol wagtdan bäri syýasy partiýalar barada ýerli metbugatda-da makaladyr çykyşlar berilmedi.

Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan çözülmeli meseleleri diňe Milli Parlamentiň däl, eýsem bütin türkmen häkimliginiň başynda bolmaly. Döwlet şahalary aýry bolsa-da, olaryň düýbi bir bolmaly. Aç-açanlyk ýokardan aşak gaýtmaly, diňe şonda, oňyn netijeler görner. Eger ol boş wada bolsa, onda ol agyr kesele çümüp gider.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG