Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarygetirme keseli


S.Gulgeldiýew: "Oba ýerlerinde lukmanlar örän gowşak, keseli anyklaýyş tehnikalary örän köne bolanlygy üçin sarygetirme keselini ýüze çykarmakda köp kösençlikler çekilýär".
S.Gulgeldiýew: "Oba ýerlerinde lukmanlar örän gowşak, keseli anyklaýyş tehnikalary örän köne bolanlygy üçin sarygetirme keselini ýüze çykarmakda köp kösençlikler çekilýär".

Sarygetirme keseli dünýädäki iň bir ýokanç keselleriň biridir. Bu keselden lukmanlaryň özleri hem gorkýarlar.

Sarygetirme güýzde hem gyşda giň ýaýraýar. Soňky döwürlerde bu kesel Türkmenistanda has köpelýär. Aýratyn-da, ýaş çagalarda köp gabat gelýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda dünýäniň iň bir ösen döwletlerindäki ýaly hassahanalaryň gurluşygy görlüp-eşidilmedik derejede alnyp barylýar. Adamlaryň saglygyny gorajak hem saglygyny bejerjek medisina edaralary yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga tabşyrylýar. Ýurduň gazet sahypalaryna syn edeniňde, radio gepleşiklerini diňläp, telewideniýede görkezilýän sýužetleri synlanyňda Türkmenistan saglygy saklaýyş babatda jenneti mekana öwrülýär.

Saglygy saklaýyş ulgamy boýunça ýurtda gurlan hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň birnäçesi — ýagny ýokanç keselleri merkezleri geçen ýylyň birinji sentýabr güni hem açyldy. «Ýewropanyň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň täze lukmançylyk tehnikasy bilen üpjün edilen häzirki zaman merkezleriniň 6-syny özünde jemleýär» diýlip, Türkmenistanda täze açylan lukmançylyk toplumy hakda «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň maglumatlarynda aýdylýar.

«Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň maglumatlarynda ýene täze açylan lukmançylyk toplumynyň keselleri anyklaýyş bölüminde täze özboluşly abzal bolan fibroskanyň hem işe girizilendigi barada habar berilýär. «Bu abzal bagryň keselini anyklamak üçin Fransiýada öndürilipdir hem-de ol Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek Türkmenistanda ulanyşa berlipdir. Mundan başga-da bu lukmançylyk merkezinde müşderileriň howpsuz şertlerini üpjün etmek üçin zerur tehnika bilen enjamlaşdyrylypdyr. Ýokanç keselli näsaglar üçin izolýatorlar hem göz öňünde tutulypdyr, şol näsaglaryň ýanyna gelýänler olar bilen domofon aragatnaşygy arkaly habarlaşyp bilerler» diýlip, «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň maglumatlarynda ýene aýdylýar.

Okap görmek üçin örän ajaýyp maglumatlar. Bu aýdylanlar boýunça durmuşy göz öňüne getirseň, türkmenler hut ertekiler dünýäsinde ýaşaýan ýaly. Şeýle ajaýyp lukmançylyk merkezlerinde bejerilmek her bir türkmene miýesser etsin!

Perdäniň aňyrsynda näme bar?

Hakykatda, sarygetirme keseli bilen keselhana düşenleri azyndan ýigrimi bir gün hassahanada saklamaly. Ýöne näsaglaryň diýseň köplügi sebäpli demini sanap ýatan hassa bolmasa, köplenç halatda näsaglar üç gün ýa-da bir hepde saklanyp goýberilýär. Ýeriň ýetmeýänligi sebäpli öýünde bejergi alýan näsaglar hem kän. Sary getirme keseli üçin üç gün bejergi alan näsag 800 manat tölemeli bolýar. Bu bolsa 280 amerikan dollary bolýar.

Iş tapmaýan ýa-da ujypsyz aýlyk bilen çaga ekleýän maşgalalar üçin bu pul örän köp pul bolýar. Bir hepde bejergi üçin iki müň manat ýa-da bir müň amerikan dollaryna barabar pul tölenýär. Beýle puly tapyp bilmän, özüniň sarygetirme keseline ulaşanyny duýan oba ýerlerindäki näsaglaryň diňe arassa suw içip gezmek bilen öz-özüni bejermek synanyşygyna ýüz urýan halatlary hem ilat arasynda ýüze çykýar. Beýle bejeriş köplenç halatda gowulygyň üstünden eltmeýär.

Sarygetirme keseline sataşanlaryň ýagdaýy paýtagt şäherde hem aňsat däl, ýöne welaýat, etrap ýaşaýjylary üçin bu kesel has-da howply bolup durýar. Sebäbi oba ýerlerinde lukmanlar örän gowşak, keseli anyklaýyş tehnikalary örän köne bolanlygy üçin sarygetirme keselini ýüze çykarmakda köp kösençlikler çekilýär.

Oba adamlarynyň özleri näsagyň dabanynyň aşagyna gaýnan, gyzgyn şugundyry ýapmak bilen sarygetirmäni ýüze çykarýarlar. Kä halatlarda keseliň wagtynda anyklanmaýanlygy sebäpli bir maşgalada üç-dört adamyň-da sarygetirme keseline sataşýandygy ýaly hadysalar ýüze çykýar.

Çagalar baglarynda keseli wagtynda anyklanmadyk çaga sebäpli bu kesel köp çagalara ýokuşýar.

Umuman, bolup ýören zatlary göreniňde Türkmenistanda bu keseli bejermekde oýun edilýän ýaly. Köp lukmanlar işinden ýadaýarmy-nämemi, bu kesel bilen keselleýän näsaglara örän biparh seredýärler. «Ýer ýok» diýip, näsaglaryň üstüne gygyrýarlar. Gerekli dermanlary gözlemegi olaryň üstüne atýarlar. Käteler, welaýat ýerlerinde näsaglaryny keselhana ýerleşdirip bilmän, tanyş tapyp, tanşyň üsti bilen ýerleşdirilýän halatlary-da az bolanok.

Sarygetirme keseli adamlara ýokuşanda ganyň üsti bilen, iýmitden, howadan geçýär. Şuňa garamazdan, täze gurlan — ýokanç keselleri merkezleri Aşgabadyň eteginde, çölüň içinde dörän Çoganly ilatly punktunyň orruk ortarasynda ýerleşýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG