Sişenbe güni Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman Kairiň merkezinde geçirilýän protest çykyşlarynyň tükeniksiz dowam edip bilmejekdigini aýdyp çykyş etdi.
Müsüriň MENA döwlet habar agentligi düýn Omar Süleýmanyň häzirki režimiň ýok bolup gitmejekdigini we prezident Hosni Mubaregiň hem ýakyn wagtlarda wezipesini terk etmejekdigini aýdandygyny habar berdi.
Bu wakanyň fonunda bolsa Kairiň merkezindäki «Tahrir» meýdançasynda 250 müň töweregi adam ýygnanyp, Hosni Mubaregiň haýdan-haý wezipesinden çekilmegine çagyryş etdi.
Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýmanyň oppozisiýa toparlarynyň wekilleri bilen gepleşik geçirip, käbir reformalaryň amala aşyryljakdygyna söz berendigine-de garamazdan, oppozisiýa toparlary bu berlen wadalaryň öz talaplaryny ödemeýändigini aýdýarlar.