Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bäş dogan – bäş ýazyjy


Bäşleriň körpesi Täşli Gurbanowyň mazary, Aşgabat.
Bir maşgaladan bäş doganyň bäşisiniň-de öz ykballaryny döredijilik işine, onda-da söz sungatyna—çeper edebiýata baglamaklary haýran galdyryjy täsin hadysa. Şeýle mysalyň dünýä edebiýatynda bardygy özümiz-ä mälim däl. Baýram, Annaberdi, Hasymguly, Arap, Täşli Gurbanowlaryň her biriniň türkmen edebiýatyna goşandy dürli-dürlüdir. Çünki olaryň ynsanlyk ykballary biri-biriniňkä tapawutly boldy.

Iň ululary Baýram Beýik Watançylyk urşundan ýaradar bolup gaýdyp gelse, ikinjileri Moskwanyň teatral institutyny tamamlan Annaberdi özüniň "Artykgül" atly ilkinji pýesasyny görüp-görmän, Watan goragyna gidip, söweş meýdanynda baş goýdy. Doganlaryň ortanjysy Hasymgulynyň ykbaly hem pajygaly bolup, 25 ýaşynda Aşgabat ýer titremesinde maşgalasy bilen birlikde topragyň astynda galýar.

Hasymguly Gurbanow gysga ömründe iki kitaplyk goşgularyny döretmäge ýetişýär. Soňra olary onuň galamdaş dosty görnükli şahyr, ýazyjy Ata Atajanow jemläp, halka hödürleýär. Şeýlelikde Hasymgulynyň "Durmuş aýdymy" hem-de "Ata kesbi" atly goşgular kitaby okyjylara gowuşýar.

Ata Atajanow onuň bilen "Ýaş kommunist" gazetiniň redaksiýasynda bile işläpdir. Ol öz işdeş ýoldaşy barada şeýle ýazýar: "Gazetçi şahyr hemişe durmuşyň jümmüşindedi... Näme ýumuş buýursaň, gara jany bilen ýapyşardy. Hasymguly biçak kitaphon adamdy, ürç edip okardy. Biz oňa degşip, "janly radio", "soňky habarlar" diýýärdik. Sebäbi ol ähli täzelikden habarlydy. Men onuň eli kitapsyz wagtyny ýadyma salyp bilemok."

Ol galamdaşynyň döredijiligine bolsa: "Hasymguly Gurbanowyň poeziýasynyň güýçli owazy, emosional-estetiki täsiri onuň graždanlyk hyjuwyndan gelip çykýar. Şahyryň hoşniýetli liriki gahrymany hemişe döwür hem döwürdeşleri bilen ýürekdeş gopýar, döwrüň, durmuşyň iň derwaýys aladasy-ünjüsi bilen ýaşaýar, göreşýär" diýip baha berýär, onuň goşgularyny özüne döreden ýadygärligidigi baradaky pikiri adalatly öňe sürýär.

Doganlaryň iň ulusy Baýram Gurbanow türkmen çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň kyssa janrynyň ussady hasaplanýar. Edebiýatçy Begmyrat Ussaýewiň "Şahyrana prozanyň ussady" makalasynda belleýşi ýaly, ol döredijilik işine urşuň öň ýanynda başlasa-da, türkmen ýazyjylarynyň uruşdan soňky nesline degişlidir. Baýram Gurbanowyň ady körpe inileri Täşli Gurbanowyňky bilen Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 10-njy tomuna goşmaça girizilýär. Onuň galamyndan "Çarwa mergeniň gürrüňi", "Bir öwrümde", "Soňky jogap" ýaly powestleri, onlarça hekaýalary, oçerkleri çykýar.

Doganlaryň dördünjisi Arap Gurbanow hem şahyrana kyssanyň ussadydy, owazly, liriki ýazyjydy. Bütin ömrüni diýen ýaly türkmen radiosynda işläp geçiren kyssaçy türkmen edebiýatynyň altyn gaznasyna birnäçe powest, onlarça hekaýa goşdy. Öz döwründe onuň "Gülnar" powestini okajylar gyzgyn garşylapdy. Bu eserinde ýazyjy türkmen edebiýaty, jemgyýeti üçin jedelli tema ýüzlenipdi. Eserde ýaş gyzyň dul adama bolan söýgüsi barada söhbet edilýär. Gülnaryň Nyýazgula bolan gatnaşygy onuň ogly Durdyjyga bolan mährine esaslanýar. Ýazyjy soňra bu eserini "Görşer durarys" diýen at bilen dowam etdirdi. Arap Gurbanowyň "Öýlänçi", "Otja", "Tanyş ýüzler" powestleri-de, hekaýalary-da okyjylar tarapyndan söýlüp okalýardy. Olaryň şahyrana dili, many ýüküniň ýeterlikdigi, çeperçiliginiň ýokarydygy nusga alarlykdyr.

Bäşleriň körpesi Täşli Gurbanow Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine on ýyl töweregi ýolbaşçylyk etdi. Ol birnäçe gazet-žurnalyň baş redaktory bolýar. Ençeme meşhur aýdymlaryň sözlerini ýazýar. Goňşusynyň ýaş toýunda dutar çalyp, hiňlenip otyrka, 51 ýaşynda jan berýär. Täşli hem agalary ýaly şahyrana kyssanyň ussadydyr. Onuň "Ýaz damjalary", "Tylla ýüzük" ýygyndylary 1963-nji ýylda yzly-yzyna neşir edilýär. Indiki ýylda "Sarygül" powesti özbaşdak kitap bolup çykýar. 1971-nji ýylda "Armanym" kitaby okyjylara ýetirilýär. Alty ýyldanam "Torgaý" kitaby çapdan çykýar. Şol aralykda "Mukamlarbaşy", "Gara saçlar", "Ýürek ody" şahyrana ýygyndylary okyjylara gowuşýar. Ýazyjynyň eserleriniň 500 sahypalyk kitaby 1976-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edilýär.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG