Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongressmen žurnalistlere edilýän hüjümi ýazgarýar


Kongressmen Howard L.Berman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiller Öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli demokrat agzasy.
Kongressmen Howard L.Berman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiller Öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli demokrat agzasy.
ABŞ-nyň tanymal kongressmeni Howard L.Berman Türkmenistanyň prezidentine anna güni ýollan hatynda “Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) žurnalistlerine we olaryň maşgala agzalaryna garşy haýbatlary we yzarlamalary bes etmäge, seýle hem ýurtdaky esasy hukuklary we azatlyklary, şol sanda söz azatlygyny goldamaga ygrarly bolup galýandygyny tassyklamaga” çagyryş etdi.

Soňky döwürde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Türkmen gullugy bilen işleşýän žurnalistlere we habarçylara hem-de olaryň maşgala agzalaryna garşy görkezilýän basyşlaryň güýjemegi demokrat kongressmen Howard L.Bermanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenmegine sebäp boldy.

Yza gaýdyşlyk

Türkmenistanyň resmi güýç ulanyjy edaralarynyň döwlete degişli bolmadyk žurnalistlere garşy alyp barýan çäreleriniň arasynda yzarlamak, soraga çekmek, wezipeden boşatmak we daşary ýurtlara çykmaga ya-da ýurda dolanmaga päsgelçilik döretmek ýaly yzygiderli görkezilýän gysyşlar bar.

Soňky wakalar adam hukuklary boýunça "ýaramazlaryň iň ýaramazy" diýlip baha berilýän, halkara guramalaryň bu ugur boýunça hasabatlarynda Birma we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bilen bir hatarda görkezilýän Türkmenistanda repressiýanyň has hem güýjeýändigini görkezýär.

Halkara media kompaniýasy bolan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri erkin metbugatyň gadagan edilen ýa-da söz azatlygy çäklendirilen 20 döwletiň ilatyna erkin habarlary ýetirýär. Birleşen Ştatlaryň Kongressi tarapyndan goldanylýan bu kompaniýanyň gepleşikleri radio, telewideniýe we Internet arkaly 20 döwletde 28 dilde halk köpçüligine ýetirilýär.

“Bu gepleşikler plýuralizme hem-de maglumat we söz azatlygyna ygrarlylygyň beýany bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmak arkaly, Birleşen Ştatlar ýaly, Türkmenistan hem bu azatlyklara hormat goýmagy wada berdi” diýlip, prezident Berdimuhamedowa ýollanan hatda aýdylýar.

Konstitusiýa çapraz

Geçen ýylyň sentýabrynda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy bilen gutlap, prezident Berdimuhamedow ýurduň howpsuzlyk işgärlerini “demokratiki, hukuk, dünýewi döwlet bolan Türkmenistana töhmet atyp, asuda durmuşy bozmaga, ykdysadyýete zyýan ýetirmäge çalyşan islendik adama garşy barlyşgyşyksyz göreşe” çagyrypdy.

Kongressmen Howard L.Berman öz hatynda türkmen prezidenti tarapyndan edilen bu beýanatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýän söz we pikir azatlygynyň ýagdaýy hem-de RFE/RL-niň žurnalistleriniň howpsuzlygy boýunça çynlakaý howatyrlanmalary döredýändigini belleýär.

“Geçen ýylyň başynda siz ýurtda köppartiýaly sistemanyň döredilmegine çagyryş etmek hem-de ýerli hökümet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek bilen, halkyň syýasata gatnaşygyny has hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigiňizi görkezdiňiz. Möhüm ýeri, söz azatlygy Türkmenistanda demokratiýanyň we plýuralizmiň ösdürilmegi üçin juda zerurdyr” diýip, kongressmen Howard L.Berman ýazýar we wakalaryň gidişini ýakyndan yzarlajakdygyny bildirýär.

Kongressmen Howard L.Berman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiller Öýüniň Daşary işler komitetiniň ýokary derejeli demokrat agzasy.
XS
SM
MD
LG