Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jenaýatlar döwlet syry dek gizlenilýär


Köpçülikleýin habar beriş serşdelerine şeýle agyr jenaýatlar dogrusynda maglumatlaryň berilmegine gadagançylyk girizilmegi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň işini hem köp babatda çylşyrymlaşdyrýar.
Köpçülikleýin habar beriş serşdelerine şeýle agyr jenaýatlar dogrusynda maglumatlaryň berilmegine gadagançylyk girizilmegi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň işini hem köp babatda çylşyrymlaşdyrýar.

Türkmenistanyň çäginde bolup geçýän jenaýatlar baradaky maglumatlaryň köpçülige aýan edilmän, ýaşyryn saklanylmagy Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri şu günler hem dowam edip gelýär.

Hususan-da, ýigrimi birinji asyra gadam basylmagy bilen ýurtda «Altyn asyr» ideologiýasynyň giň gerim almagy netijesinde Türkmenistanda, hamala diýersiň, ertekiler dünýäsindäki ýaly asuda hem parahat ýaşaýyş höküm sürýär diýen syýasat ýöredilip başlanyldy. Şol sebäpden hem türkmen telewideniýesinde Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy bilen bilelikde taýýarlanylýan, jenaýatkärleriň ele salynmagy bilen bagly wakalary beýan edýän «Adalat» gepleşigi ýatyryldy. Metbugatda jenaýatkärler tarapyndan edilen jenaýatlar hakynda Polisiýa departamentiniň maglumatlaryny bermek düýbünden gadagan edildi.

Ýurtda neşir edilýän «Adalat» gazetiniň sahypalarynda bolsa ozalky berilýän jenaýat bilen bagly maglumatlar ep-esli derejede azaldyldy.

Her gezekki geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Saparmyrat Nyýazowa ýurtda jenaýatlaryň geçen ýyla garanyňda ep-esli derejede azalýandygy barada maglumat berip ugradylar.

Ýurtda amala aşyrylýan jenaýatlar barada resmi maglumatlaryň ýaşyryn saklanylmagy Türkmenistanda rahat durmuşyň höküm sürýändiginden welin asla habar bermeýär.

Soýuzyň düzüminden çykan halatynda ýüz beren ykdysady kynçylyklar Türkmenistanda jemgyýetiň düýpgöter özgermegine getirdi. Işsizlik, inflýasiýa sebäpli ilatyň arasynda neşe söwdasy, neşekeşlik, jelepçilik görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Bu bolsa jenaýatyň ep-esli derejede artmagyna getirdi. Häzirki wagtda ýurduň çäginde amala aşyrylýan agyr jenaýatlaryň aglaba böleginiň aňyrsynda neşekeşlik, jelepçilik bilen bagly wakalar ýatýar.

Resmi ýagdaýda ýurduň çäginde bolup geçýän agyr jenaýatlar gizlenilip saklanylsa-da, ýüregiňi hopukdyrýan jenaýatlar ýyldyrym çaltlygynda töwerege dolýar. Özi hem resmi habaryň aýdylmazlygy netijesinde, ol wakalaryň üstüne gereginden artyk myş-myşlar goşulyp, bolan real ýagdaý bolşundan has-da eýmenç derejede suratlandyrylýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmen politehniki institutynyň talyplary bilen bagly ýüz beren jenaýatçylykly hereket hem hut şunuň ýaly boldy. Heniz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident tarapyndan bu waka barada agzalmazyndan ozal paýtagtda talyplaryň eden jenaýaty bilen bagly her hili gürrüňler öňe sürüldi.

Türkmen politehniki institutynyň talyplarynyň eden jenaýaty birnäçe ýolbaşçylaryň wezipeden gitmegine sebäp bolan-da bolsa, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident hakyky wakany kommentirlemekden saklandy. Bu bolsa Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri ýurtda jenaýatlaryň ýaşyryn saklanylmagy bilen bagly ýöredilip gelnen berk kontrollygyň şu günki güne çenli dowam edip gelýänligini ýene bir gezek tassyklady.

Informasiýalaryň berk kontrollygy astynda ýurtda näçe ideallaşdyrylan jemgyýet suratlandyryljak bolunsa-da, Türkmenistanda özüne ýetik manýak jenaýatlar hem, pedofiller hem ýeterlik.

Geçen ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň öňki Leningrad kolhozynyň çäginde elli ýaşly bir kişiniň kiçijek gyzjagazy zorlamagy bilen bagly waka tutuş ýurduň ýaşaýjylaryny tolgundyrdy. Emma bu waka gaty gizlin saklanyldy. Bu aýylganç wakada zorlanan gyzjagazyň bir günden soň hassahanada aradan çykanlygy barada aýdylýar.

Iki aý mundan öň şäherdäki mekdepleriň biriniň 4-nji klas okuwçysynyň zorlanmagy bilen ýüz beren waka hem paýtagtlylary tolgundyrdy.

IIM-niň işi kynlaşýar

Köpçülikleýin habar beriş serşdelerine şeýle agyr jenaýatlar dogrusynda maglumatlaryň berilmegine gadagançylyk girizilmegi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň işini hem köp babatda çylşyrymlaşdyrýar. Mysal üçin, geçen ýylyň tomsunda paýtagtyň eteginde ýerleşýän jülgede näbelli adamlar tarapyndan öldürilip taşlanan ýaş ýigidiň şahsyýeti heniz hem anyklanmaýar. Onuň öli haldaky suratyny heniz hem polisiýanyň edaralarynyň öňündäki gözleg tagtasynda görmek bolýar. Jenaýatkäriň gözleginde içeri işler edaralarynyň işgärleri ýurduň mekdeplerine, çagalar baglaryna, köpçüligiň üýşen ýerlerine şahsyýeti anyklanmadyk näbelli jesediň suratyny aýlap, anyklamak isleýärler.

2009-njy ýylyň ortalarynda Kaka etrabynyň çäginde inkassotar maşyna hüjüm eden ýaş oglanyň näçe wagtlap ele salynmandygyny onuň polisiýanyň edaralarynyň öňündäki gözleg tagtasynda goýulmagy tassyklaýar. Häzirki wagtda bu oglanyň suraty ol ýerlerden aýrylypdyr. Onuň ele salnandygy ýa salynmandygy barada resmi maglumat ýok.

2005-nji ýylda paýtagtyň eteginde ýerleşýän Şor posýologynda iki sany 8-nji klas okuwçy gyzyň näbelli adamlar tarapyndan ogurlanyp, bir hepdeden bolsa olaryň jesediniň kanaldan tapylmagy, emma jenaýatkärleriň şu günki güne çenli anyklanylmandygy mälim edilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bir işgäriniň aýtmagyna görä, eger 2000-nji ýylyň başlarynda paýtagtda bir hepdäniň dowamynda 3-4 sany adam öldürmek bilen bagly jenaýatlar amala aşyrylan bolsa, häzirki wagtda bir hepdäniň dowamynda diňe Aşgabatda 5-6 sany adam öldürmek bilen bagly jenaýat edilýär. Jenaýatlar, esasan tomus aýlarynda köp amala aşyrylýar. Munuň hem sebäbi tomus günlerinde paýtagtyň etegine şagalaňly oturylyşyk gurap, dynç almak üçin çykylyp, şol ýerde hem serhoş ýagdaýda her dürli jenaýatlaryň ýüz bermegi bilen baglydyr.

Adam öldürmek bilen bagly jenaýatlaryň aglabasy ilat arasynda «gasterbaýterler» diýlip atlandyrylýan, ýagny welaýatlardan paýtagta gurluşyk işlerinde işlemäge gelýänler tarapyndan amala aşyrylýandygy barada aýdylýar. Şol jenaýatlaryň köpüsinde «gasterbaýterleriň» ahlaksyz gyzlar bilen bulaşmagy bilen bagly wakalaryň ýüz berýändigi hem mälim edilýär.

Mundan başga-da, welaýatlardan paýtagta gurluşyk işlerinde işlemäge gelýänleriň köpüsiniň kireýine ýaşaýan ýerindäki öý eýesiniň emlägine kast etmegi, hatda janlaryna kast etmegi bilen bagly wakalaryň juda köp gelýändigi barada aýdylýar.

Türkmenistanda beýleki döwletlerdäki ýaly güýçli guramaçylykly jenaýat toparlary ýokdur. 1992-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistandaky jenaýatkärleriň awtoriteti hasaplanýan Aýmyrat Nuryýewi we onuň meslekdeşlerini tussag etdirip, olary atdyrmagynyň netijesinde, tutuş ýurtdaky jenaýatkärleri merkezleşdirilen kontrolda saklaýan sindikat hereket etmesini goýdy. Diňe bölek-büçek jenaýatkär toparlary hereket edýär. Olaryň aglaby bölegi hem neşe maddalaryny sarp etmek bilen bagly guramaçylykly jenaýatçylykly toparlardyr.

Sowet Soýuzy döwründe iň bir ýoň bolan maşyn ogurlamak bilen bagly jenaýatlar Türkmenistanda asla ýok diýen ýalydyr.

Häzirki döwürde jenaýatlaryň köpüsi neşekeşler tarapyndan amala aşyrylýan ogurlyklardan, neşe maddalaryny alyp-satmakdan, ahlaksyz gyzlaryň ýaramaz müşderilere sataşmagynda ýüze çykýan wakalardan ybaratdyr.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG