Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Altyn Asyr” futbol komandasy halkara ýaryşyň ýeňijisi


“Altyn Asyr” futbol komandasy Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky 17-nji halkara futbol ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Duşenbe güni Aşgabadyň “Altyn Asyr” komandasy Ermenistanyň “Gandzasar” toparyndan 2:1 hasaby bilen üstün çykmagy başardy.

Bu futbol ýaryşynyň ýeňijisi “Altyn Asyr” komandasyna prezidentiň kubogy bilen 20,000 dollar pul baýragy berildi.

Ikinji orny eýelän “Gandzasar” toparyna bolsa 10,000 dollar, üçünji orny eýelän Balkanabadyň “Nebitçi” toparyna hem 5,000 dollar möçberinde pul baýraklary berildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky 17-nji halkara futbol ýaryşy fewralyň 20-28 aralagynda geçirilip, oňa sekiz komanda gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG