Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Liwiýa ýarag eksportunda 4 milliard dollar ýitirer


Orsýet BMG-niň Muammar Kaddafiniň režimine garşy girizen sanksiýalary sebäpli Liwiýa etmeli ýarag eksportundan 4 milliard dollar ýitirjege meňzeýär.

Rus tehnologiýalary döwlet senagat holdinginiň başlygy Sergeý Çemezow bu barada RIA Nowosti we Interfaks habar gulluklaryna aýtdy.

Ol Rosoboronaeksportuň Liwiýadaky ýagdaý sebäpli ýitgisi «4 milliard dollara barabar» diýdi.

Orsýet golaýda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalarynyň Liwiýa garşy ýarag embargosyna we başga sanksiýalary girizmek tagallasyna goşuldy.

Arap dünýäsi rus ýaraglarynyň Hytaýdan we Hindistandan soňky esasy eksport bazarydyr.
XS
SM
MD
LG