Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň Ras Lanuf şäherinde iki sany nebit ammary ot aldy


Çarşenbe güni Liwiýanyň nebite baý Ras Lanuf port şäherinde Muammar Kaddafä ygrarly harby güýçler bilen oppozision gozgalaňçylaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşyklarda iki sany nebit ammary ot aldy.

Liwiýanyň oppozision güýçleriniň metbugat sekretary Mustafa Geriani atyşyklaryň barşynda hökümet güýçleriniň atan artilleriýa oklarynyň Sidr nebit ojagyndan gaýdýan truboprowoda hem zyýan ýetirendigini habar berdi.

Ol Muammar Kaddafiniň güýçleriniň nebit nokatlaryna bilkastlaýyn hüjüm edip, Liwiýadan nebit alýan Günbatar ýurtlaryny howatyrlandyrmaga çalyşýandyklaryny aýdýar.

Häzirki wagt Günbatar ýurtlary Liwiýada uçarlaryň uçmagyny gadagan ediji sanksiýalary girizmek barada pikir alyşýarlar.

Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny, Fransiýany we Britaniýany Liwiýanyň nebitine kontrollyk etmek üçin dildüwşük gurnaýanlykda aýyplap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG