Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl Haç: Liwiýadaky ýagdaýlar “graždanlyk urşuna” ýazdy


Penşenbe güni Gyzyl Haç halkara komiteti Liwiýadaky ýagdaýlaryň “graždanlyk urşuna” ýazandygyny aýtdy.

Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Jakob Kellenbergeriň bellemegine görä, Liwiýada Muammar Kaddafiniň tarapdalary bilen garşydaşlarynyň arasyndaky çaknyşyklar mundan beýläk hem ýaýbaňlanyp biler.

"Biz elmydama-da iň erbet ýagdaýlara taýýar bolmaldydyrys. Anyk bu waka barada aýdylanda bolsa, çaknyşyklaryň mundan beýläk hem ýaýbaňlanmagyna taýýar bolmaldydyrys” diýip, Jakob Kellenberger belledi.

Penşenbe güni Fransiýa dünýäde ilkinji bolup Liwiýanyň Milli Geňeşi atly gozgalaňçy toparyny Liwiýa halkynyň wekili hökmünde ykrar etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde Liwiýadaky krizis bilen bagly duşuşyk geçirýärler.

NATO-nyň 28 agzasy hem Liwiýa meselesine seredýär.
XS
SM
MD
LG