Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlar şitil ekýärler


Möwlamow: "Öňler maý aýynyň ahyryna, iýunyň başyna ýetişýän ekinler indi martyň ahyryna, apreliň başyna hasyl berip başlaýar".
Möwlamow: "Öňler maý aýynyň ahyryna, iýunyň başyna ýetişýän ekinler indi martyň ahyryna, apreliň başyna hasyl berip başlaýar".
Türkmenlerde: «Daýhan garda dynar, çopan görde» diýen nakyl bar. Ýöne döwürleriň üýtgemegi, şonuň bilen birlikde-de adamlaryň sosial-durmuş şertleriniň üýtgemeginiň netijesinde soňky döwürlerde daýhanlara hem garda-da dynç alyp ýatma ýok. Näçe gazanylsa-da, adamlara ýyl geldigiçe, ähli gazanylýan gazançlar azlyk edýär. Sebäbi durmuş gymmatlaýar. Zähmet arzanlaýar.

Daýhanlar gazanç etmek üçin emel baryny tapýarlar. Mundan ýigrimi-otuz ýyl öň daýhanlar oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin diňe 22-nji martdan soň ýere tohum taşlardylar. Sebäbi 22-nji martdan soň Türkmenistanda sowuk, aýazly howa bolmaýar. 22-nji mart ýerli hasap boýunça ýazyň gelenini habar berýän Täze ýyl, ýagny, nowruzdyr.

Ekinler 22-nji martda ekilse-de, ýere ýyly gidip, olar derrew ese-boýa galardylar hem-de her ýyl daýhanlar öz ekinlerinden bol hasyl alardylar, şol bol hasyla düşýän pula kaşaň-kaşaň jaý edinerdiler, maşyn alardylar, ogul öýerip, uly-uly toýlar tutardylar.

Soňky döwürlerde has köpräk hasyly irgözinden almak üçin daýhanlar polietilen kagyzlardan (kleýonka) tamjagazlar gurnap, onuň içine tebigy gaz bilen gyzýan peçler oturdyp, ýanwar aýyndan şitil ekip başlaýarlar. Öňler 22-nji martdan ekinleri ýere tohum taşlamak bilen ekýän daýhan indi 22-nji martda eýýäm güllemäge başlan ullakan şitilleri ekin meýdanlaryna oturdýarlar.

Şeýle bolansoň, öňler maý aýynyň ahyryna, iýunyň başyna ýetişýän ekinler indi martyň ahyryna, apreliň başyna hasyl berip başlaýar. Ýöne, näme üçindir, şitil oturdylyp ekilýän ekinlerden alnan hasyldan düşýän pula daýhanyň garny doýanok. Sebäbi ekinlerden birki sapar, köp bolanda on sapar hasyl ýygnalandan ekinler gurap, ölüp galýarlar. Ýanwar aýyndan bäri şitil ekip, olara ideg edilip, olary ýeke-ýekeden meýdana göçürmek üçin çekilýän azaplar ýele gidýär. Öňler —22-nji martdan soň ekin ekilýän döwründe hyýarlar awgust aýyna çenli, pomidorlar bolsa tä akrap gelip, suwlar doňup başlaýança hasyl berer durardy.

Kimler soňky döwürde gök ekin önümlerinden pul alyp bolmaýanlygyny şaly meýdanlaryndan gelýän kiçijik möjekleriň gök ekin önümleriniň köküni, güllerini zaýalaýanlygyny aýdýar. Kimler bolsa soňky döwürlerde ýerasty suwlaryň ýerleri aşa zaýalanlygy üçin ekinleriň kökleriniň guraýandygyny tekrarlaýar. Kimler bolsa gepi şol öňki köne kesele — pagtaçylykda defoliasiýanyň geçirilmeýänligi üçin gurçuklaryň aşa köpelip, ekinleri zaýalaýandygyna syrykdyrýarlar.

Oba hojalyk ekinleriniň irgözinden solup-ölüp gitmeginiň sebäbi öwrenilmeýär. Olardan düşýän pula ne jaý salyp bolýar, ne-de ine-gana toý tutup bolýar, maşyn almak hakda gürrüň edip oturasy işem ýok. Her edip-hesip edip, maşgala eklemeli bolansoň, daýhanlaryň aglabasy oba işlerini taşlap, şäherlerden iş gözlemäge, gazanç etmäge gidýärler. Daýhanlara öz melleginden bol hasyl alyp, gowy düşewünt tapyp bilmäge ýardam edilse, şäherlerde awtobuslary hyryn-dykyn dolduryp, agyr işlerde işläp, kireýine jaýlarda ýaşap ýörenleriň öz öýlerine dolanmagyna mümkinçilik bolardy.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG