Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýaponiýanyň imperatory ýurtdaky krizise alada bildirdi


Ýaponiýanyň imperatory Akihito ýerli telewideniýede çykyş edip, heläkçilikli ýer yranma we sunami sebäpli häzir ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan krizisine “juda aladalanýandygyny” aýtdy.

Çarşenbe güni Tokionyň demirgazygyndaky “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasyndaky işler radiasiýanyň ýokary derejesi sebäpli az-wagtlaýynça togtadyldy.

Mundan öň, bu atom stansiýasynda anna günündäki ýer yranma we sunami sebäpli ençeme partlamalar we ýangynlar döräpdi.

Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, harby wertolýotlar stansiýanyň sowadyjy ulgamy bozulan reaktorlaryna suw guýmaklaryny hem bes edipdirler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG