Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada Kaddafiniň rezidensiýasyna zeper ýetdi


ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Liwiýadaky harby operasiýanyň ýolbaşçylygyny iňlis-fransuz goşunlaryna ýa-da NATO tabşyrmagy mümkin.

Şeýle beýannama bilen ýekşenbe güni ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts çykyş etdi we bu meseläniň birnäçe günde çözüljekdigini aýtdy.

Öten agşam Liwiýa paýtagtynyň ýokarsynda partlamalar hem howadan goranyş güýçleriniň atyşyklary eşidildi.

Gözi bilen görenler Muammar Kaddafiniň rezidensiýanyň golaýynda tüssäniň sütün bolup galandygyny aýdýarlar.

Bazar güni fransuz uçarlary Liwiýanyň asmanynda gözegçilik etdiler. Şol bir wagtda Pentagon Liwiýanyň howadan goranyş sistemasyna uly zyýan ýetendigini habar berdi.

Arap döwletleri ligasynyň başlygy Amr Musa Liwiýadaky halkara koalisiýanyň hereketlerini tankytlap çykyş etdi.

“Liga parahat ilaty goramagyň hatyrasyna uçuşdan azat zolak döretmek ideýasyny goldapdy, graždan ilaty oka tutmak üçin däl”diýip, Amr Musa nygtady.
XS
SM
MD
LG