Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýniň daşary işler ministri Türkiýä gelýär


Bahreýniň daşary işler ministri şeýh Haled bin Ahmad al-Halif patyşalykda şaýy oppozisiýasynyň çykyşlary netijesinde emele gelen ýagdaýy maslahatlaşmak üçin şu gün Türkiýä gelýär.

“CNN Türk” telekanalyna beren interwýusynda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Bahreýndäki wakalar sebäpli Ankaranyň aladalanýandygyny, onuň halkara konfliktine alyp gelmek mümkinçiliginden howatyr edýändigini aýtdy.

Ministriň pikiriçe, Bahreýnde sünnüler bilen şaýylaryň gatnaşyklaryndaky dartgynlylyk tutuş regiona ýaýrap biler.
XS
SM
MD
LG