Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan Senatynda musulmanlaryň hukuklary maslahatlaşylar


Geljek hepde ABŞ-nyň Senatynda ýurtda ýaşaýan musulmanlaryň graždan hukuklaryny goramak boýunça diňlenişik geçiriler.

Konstitusiýa we adam hukuklary boýunça Senatyň kiçi komiteti tarapyndan gurnalýan diňlenişik 29-njy marta planlaşdyryldy.

Senatdaky demokratik köplügiň lideri Dik Durbin: “Jemgyetde musulmanlara bolan çydamsyzlyk we milli ýigrenç esasynda jenaýatlaryň sanynyň ösmegi alada döredýär” diýdi.

Senatoryň sözlerine görä, ýagdaý geçen ýyl göz-görtele ýaramazlaşypdyr.
XS
SM
MD
LG