Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azeri aktiwisti 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Ýakynda «Facebook» internet saýtynyň üsti bilen Azerbaýjanda arap ýurtlaryndaka meňzeş halk gozgalaňlarynyň gurnalmagyna çagyryş eden 20 ýaşly Jabbar Sawalan şu gün 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýurduň sudy Jabbar Sawalanyň ýanyndan neşe maddalarynyň tapylanlygy bilen baglanyşykly oňa jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

Jabbar Sawalanyň özi özüniň tussag edilmegini Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň arap ýurtlaryndaky ýaly halk gozgalaňlarynyň turmak howpunyň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşdyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG