Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tussag edilen gazak aktiwisti boşadyldy


Ýakynda Türkmenistanda tussag edilen ýerli gazak jemgyýetiniň başlygy Bisenkul Begdesinow şu gün şertli ýagdaýda tussaglykdan boşadyldy.

Bisenkul Begdesinow 11-nji aprelde para almakda we kezzaplykda aýyplanylyp, Türkmenistanyň organ işgärleri tarapyndan tussag edilipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy geçen aýyň ahyrynda ýaýradan beýanatynda Bisenkul Begdesinowyň syýasy matlaplar esasynda tussag edilen diýlip hasaplanylýandygyny mälim edipdi.

Şu gün Aşgabat şäherinde suduň zalyndan şertli tussaglyk möhleti bilen erkinlige goýberilen Bisenkul Begdesinow Azatlyk Radiosynyň Gazagystandaky habarçysyna telefon arkaly beren gürrüňinde özüne näçe ýyl şertli tussaglyk möhletiniň berlendigini heniz anyk bilmeýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol özüniň erkinlige çykmagynda Azatlyk Radiosynyň özi barada ýaýradan maglumatlarynyň uly rol oýnandygyny aýdyp, öz minnetdarlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG