Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Hodorkowskini wyždan ýesiri diýip ykrar etmedi


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy halkara “Amnesty International” guramasy tussaglykdaky orsýetli biznesmen Mihail Hodorkowskini wyždan ýesiri diýip ykrar etmejekdigini mälim etdi.

Bu barada “Amnesty International” guramasynyň baş sekretary Salil Şettiniň goly bilen ýaýradylan şu günki beýanatda haýsydyr bir adama bildirilýän jenaýat aýyplamalarynyň hemmesiniň ýerliksizdigi anyklanan halatynda, bu guramanyň şol adamy wyždan ýesiri hökmünde ykrar edip biljekdigi aýdylýar.

2003-nji ýylda tussag edilen Mihail Hodorkowskini Orsýetiň häkimiýetleri kopsanly maliýe galplyklarynda aýyplaýarlar.

Ýakynda orsýetli ýazyjylaryň, aktýorlaryň we alymlaryň 45-si “Amnesty International” guramasyna ýörite hat ýazyp, bu guramanyň Mihail Hodorkowskini wyždan ýesiri diýip ykrar etmegini sorapdylar.
XS
SM
MD
LG