Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýdanyň” özüne wagtlaýyn ýolbaşçy belländigi aýdylýar


Saif al-Adel (Surat Federal aňtaw býurosyna degişli)
Saif al-Adel (Surat Federal aňtaw býurosyna degişli)
Gowuşýan habarlara görä, “Al-Kaýda” amerikanlar tarapyndan 2-nji maýda Pakistanda öldürilen Osama bin Ladeniň deregine özüne wagtlaýyn ýolbaşçy belläpdir. “Al-Jazeera” bilen CNN telekanaly täze ýolbaşçynyň adyny Saif al-Adel diýip berdiler. Aýdylyşyna görä, bu weteran söweşiji Müsüriň ýörite güýçleriniň öňki ofiserlerinden.

Ýaşy 40-50 töweregi diýip hasaplanýan Al-Adel Birleşen Ştatlaryň prokurorlarynyň çaklamagyna görä, “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli harby ýolbaşçylarynyň biri. Onuň 1998-nji ýylda Nairobide we Dar es-Salamda Amerikanyň ilçihanasyna edilen bombaly hüjümleriň gurnalmagynda, 1990-njy ýyllarda hem Sudanda we Owganystanda “Al-Kaýdanyň” türgenleşik lagerlerini gurnamakda rol oýnanlygy güman edilýär.

Ony öldürene ýa tutana 5 million dollar wada edilen Al-Adel ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň (FBI) aýtmagyna görä, Muhamad Ibrahim Makkawy we Ibrahim al-Madany diýen atlary hem ulanýar.

Analizçiler: “Al-Adel wagtlaýyn lider bolsa-da, onuň Bin Ladeniň ornuny hemişelik aljakdygy belli däl” diýýärler.

“Saif al-Adel ‘Al-Kaýdanyň’ emiri bellenenok, ol Osama bin Ladeniňki ýaly derejä bellenenok. Bu ‘Al-Kaýdanyň’ bir gurama hökmünde ýolbaşçy bellemekde gerekli prosedural talaplary ýerine ýetirip bilmeýändigini görkezýär. Mysal üçin, täze ýolbaşça wepadarlyk kasamyny gurnamak, ýa ýolbaşçylaryň duşuşygyny geçirmek ýaly zatlar häzirki ýagdaýda mümkin däl bolmaga çemli” diýip, Londonyň “Royal United Services” institutynyň işgäri Şaşank Joşi aýdýar.

Al-Adel soňra Bin Ladeniň oruntutary bolsa, onda bu ornuň “Al-Kaýdanyň” ikinji derejeli ýolbaşçysy Aýman al-Zawahirä berilmedigi bolýar. 59 ýaşly müsürli Zawahiri Bin Ladeniň ýakyn ýaranlarynyň biridi. Terrorizm boýunça ekspertler Bin Ladeniň ornuny Zawahiri tutar diýip, güman edýärdiler.

Nämäni aňladýar?

Al-Adeliň bu orna bellenmegi onuň tarapdarlary bilen Zawahiriniň tarapdarlarynyň arasynda oňuşmazlyga sebäp bolup, “Al-Kaýdada” bölünişige getiripmi ýa-da ýok - bu belli däl. Al-Adeliň bu orna bellenendigi baradaky habarlarda Zawahiriniň we “Al-Kaýdanyň” Ýemendäki we Yrakdaky bölümleriniň muňa nähili reaksiýa görkezenligi aýdylmaýar.

Joşi: “Wagtlaýyn ýolbaşçy bellenip, ol soňra Bin Ladeniň ornuny eýelese-de, ol adamynyň bu guramanyň ruhy atasynyň ýerini tutup biljekdigini kepillendirenok” diýýär.

Aýman al-Zawahiri

“Bin Ladeniň ýerine ýetiren simwoliki funksiýasy: ‘Al-Kaýdany’ berk saklap, ony ýaýratmagy. Munuň ornuny dolduryp bolmaz. Bin Ladeniň ornuny tutmagy mümkin diýip tanalýan Zawahiri ýalylar-da beýle derejede däl. Bularyň hemmesi dikdüşdi, gykylykçy hasaplanýar. Adamlary onuňky ýaly beýle mylaýymlyk bilen özüne çekjek ýok” diýip, Joşi aýdýar.

Joşiniň pikiriçe, “Al-Kaýdanyň” täze ýolbaşçysynyň ýüzbe-ýüz boljak iň agyr kynçylyklarynyň biri – guramanyň özbaşdak hereket edýän dürli toparlaryny bir merkeze jemlemek bolar.

Çarşenbe güni Pakistanyň gündelik gazeti “The News” Al-Adeliň “Al-Kaýdanyň” bir “näbelli ýerde” geçiren duşuşygynda “wagtlaýyn ýolbaşçy” bellenendigini ýazdy. Gazet şeýle-de Osama bin Ladeniň ogullarynyň hiç biriniň ”Al-Kaýdada” haýsydyr bir formal orny eýelemäge meýil etmeýändiklerini habar berdi. “The News” gazetiniň bu maglumatlary nireden alandygy aýdylmaýar.

Üstümizdäki aýda Birleşen Ştatlaryň Abbottabatda geçiren harby operasiýasynda Osam bin Ladeniň özi, onuň 22 ýaşly bir ogly we ýene-de üç adam öldi.

“Reuters” habar gullugy 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerika edilen hüjümler mahalynda Al-Adeliň Owganystanda bolandygyny, soň hem gaçyp Eýrana barandygyny habar berdi.

Şol wagtlar mediada berlen maglumatlara görä, Eýran häkimiýetleri “Al-Kaýdanyň” Birleşen Ştatlaryň Owganystana eden hüjüminden gaçyp, Eýrana baran azgalaryny öý tussaglygy ýaly bir ýagdaýda saklapdyr. Al-Adel hem şol toparyň içinde bolupdyr.

Ýöne arap mediasynda berilýän habarlarda Eýran häkimiýetleriniň ony takmynan bir ýyl mundan ozal boşadandygy, onuň şondan soň Owganystan-Pakistan serhet regionyna giden bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG