Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Açyk hat


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat
-- Salawmaleýkim... Şu gazetiň baş redaktory siz-ä dälsiňiz?

-- Gökden gaçdyňmy ýa nermeden doýduňmy? Gapyň agzyndaky ýazgyny görmediňmi? Näme gerek? Tizräk geple, meni günorta naharymdan goýjak bolma.

-- Işdäňiz açyk bolsun, ýoldaş redaktor. Dogrymdan gelsem, haçan günde üç gezek nahar iýenim ýadymdanam çykypdyr.

-- Şony aýtmaga geldiňmi?

-- Ýok, ýok, sen aýdansoň aýdaýdym. Men bir açyk hat ýazdym, şony gazetiňizde çap edip bolmazmyka? Her niçigem bolsa, bu bir merkezi neşir.
-- Hat kimiň adyna?

-- Ýurt eýesiniň.

-- Adyň? Pamilýaň?

-- Men – Nazar Bazarow.

-- Hawa, seň pikiriňçe Arkadag her gün irden köşgüň işiginden ätläninden: «Maňa Nazar Barazowdan açyk hat ýog-ow» diýip gaty gynanýan bolmaly-da?

-- Ýoldaş baş redaktor, siz degişýäňiz, meniň bolsa agym tutýa...

-- Beýle bolsa öýüňde aýa üýrýän it ýaly uwlap oturmaly ekeniň-dä. Hatyňy kime niýetlän bolsaň, göni baryp elinje gowşuraýsaň bolmadymy?

-- Köp gezek synanyşyp gördüm, köşgüň ýele ýanyndan eltmeseler näme! Bar eşiden gepim: «Nirä dykdyrylyp gelýäň, gümüňi çek şu taýdan!»

-- Şo sözleri menem saňa aýtmaly bolýan, ýazyjy Bazar Nazar. Näme, meni işden kowdurmak niýetiň bamy? Ýa şu gazeti ýapdyrjak bolýaňmy?

-- Aýdýanyň näme, inim?! Meniň adama ýamanlygym ýok.

-- Onda maňa-da ýamanlyk etme. Seniň şo çyrşan zadyň çap ediläýse, kabinetimde bomba ýaryldy hasap edäý. Açyk hatyň bilen meni açyk gabyra iterjek bolma.

-- Ähli gapy petik bolsa, bu haty nirä elteýin?

-- Hiç ýerik! Öýüňde diwar gazetini çykar-da, maşgalaňy hatara duruz, agzybirlik bilen günde üç sapar sesli okasynlar. Indem boş gürrüňi bes edeli. Jaý wagtynda diliňi dişläp, ýüzüňi ýere salyp oturmasaň, gapyňda maşyn garaşmaz, Nazar Bazar. Men gitdim. Seni diňleseň, öýüňdäki gyzgyn nahardan-a däl, başga bähbitdenem goýjak.

-- Aý, bor-da, görýän welin sizem kiçi-girim hojaýyn däl ýaly. Bu zamanda garyby diňe özüňden garyp diňleýär.
XS
SM
MD
LG