Bidüzgünçilige garşy göreşýän polisiýa Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside parlamentiň daş işigindäki protestçiler üýşmegini dargytdy.
Polisiýa prezident Mihail Saakaşwiliniň işden çekilmegini talap edýän protestçileri dargytmak üçin suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.
Oppozisiýa liderleriniň biri Nona Gaprindaşwili onlarça demonstrantyň tussag edilendigini aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň bir sözçüsi ýarygijiden soň başlanan operasiýada polisiýa işgärleriniň azyndan 18-siniň ýaralanandygyny aýtdy.
“Reuters” gullugynyň habarçysy polisiýanyň bir protestçini rezin taýak bilen ýenjip duranyny görüpdir.
Protestçiler bäş gün bäri dowam edýän protestleri bes etmekden boýun gaçyrdylar we penşenbe güni harby parad bilen bellenýän garaşsyzlyk gününde dowam etdirmekçi boldular.
Protestçiler 43 ýaşly prezident Saakaşwilini 2003-nji ýylyň «Bägül rewolýusiýasyndan» bäri häkimiýeti öz monopoliýasyna öwürmekde günäleýärler.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.