Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

«Polimeks» Türkmenistanda täze taslamalary teklip edýär


Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabadyň merkezinde we günortasynda gurulmakçy täze binalaryň taslamasyny teklip etdi.

Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, türk biznesmeni 24-nji maýda geçen duşuşykda “özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi”.

Türk taslamaçylarynyň teklipleriniň arasynda Ofiserler öýi, Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky fontan parky toplumy, «Bagt köşgi» atlandyrylan nikalar öýi, Medeniýet we dynç alyş merkeziniň beýik komleksi, 20 müň tomaşaça niýetlenen stadion, tehnopark we beýlekiler bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG