Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek etniki çaknyşyklary derňäni «persona non grata» etdi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň parlamenti bu ýurtda geçen ýylky ýüz beren etniki çaknyşyklary derňemek bilen meşgullanan halkara komissiýasynyň başlygy Kimmo Kiljuneni «persona non grata», ýagny, bu ýurtda islenilmeýän adam diýip yglan etdi.

Çarşenbe güni bu wakanyň öňýany gyrgyz parlamentiniň deputaty Kynybek Imanaliýew bu halkara komissiýasynyň başlygy, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili finlýandiýaly syýasatçy Kimmo Kiljuneni Gyrgyzystandaky özbek separatistlerinden para alanlykda aýyplap çykyş edipdi.

Kimmo Kiljuneniň özi özüne bildirilen bu aýyplamalary ret etdi we muny «ýalan maglumat» diýip atlandyrdy.

Kimmo Kiljuneniň ýolbaşçylyk eden komissiýasy şu aýyň başynda çap eden hasabatynda geçen ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günortasynda özbek jemgyýetiniň wekillerine garşy amala aşyrylan käbir hüjümleri ynsanýete garşy edilen jenaýat hökmünde häsiýetlendirip hem boljakdygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG