Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropadaky E.Coli infeksiýasynyň sebäbi çak edilýär


German resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň Uelzen şäheriniň fermasynda ýetişdirilen gök önümleriň şinesiniň Ýewropada E.Coli bakteriýasynyň ýaýramagyna sebäp bolan bolmagy mümkin.

Bu infeksiýa barada Germaniýanyň saglyk ministri Daniel Bahr şeýle diýdi: “Germaniýanyň saglyk ministri hökmünde men entek “ähli zadyň” aýdyň bolandygyny aýdyp biljek däl. Biz şeýle ýagdaýlaryň ýene-de ýüze çykmagyna garaşýarys. Biz Germaniýanyň dermirgazygynda ýetişdirilen pomidorlary, hyýarlary iýmezligi maslahat berýäris. Bu möhüm gigiýena kadalary bilen bir hatarda, özüňi goramagyň iň gowy usulydyr”.

E. Coli bakteriýasy sebäpli häzire çenli 22 adamyň ölendigi we 2,000 töweregi adamyň hassa bolandygy habar berilýär. Bu adamlaryň aglabasy Germaniýanyň ýaşaýjylarydyr.
XS
SM
MD
LG