Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara prokuror Kaddafiniň zorluklary diýilýäni derňeýär


Aýallaryň köpçülikleýin zorlanmagy Kaddafini agdarmaga synanyşýan gozgalaňçy güýçleri gorkuzmak üçin alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi hasaplanýar.
Aýallaryň köpçülikleýin zorlanmagy Kaddafini agdarmaga synanyşýan gozgalaňçy güýçleri gorkuzmak üçin alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi hasaplanýar.
Halkara jenaýat sudunyň Baş prokurory öz derňewçileriniň Muammar Kaddafiniň aýallaryň köpçülikleýin zorlanmagy barada buýruk berendigini çaklamaga esas döredýän subutnamany ele salandygyny aýdýar. Bu iş Kaddafini agdarmaga synanyşýan gozgalaňçy güýçleri gorkuzmak üçin alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi hasaplanýar.

Prokuror Luis Moreno-Okamponyň çarşenbe güni Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň karargähinde aýtmagyna görä, aýallaryň sistemalaýyn zorlanmagy Kaddafiniň öz garşydaşlaryna edýän zulum-süteminiň “täze aspektine” meňzeýär.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we hukuk ugrundan alymlar bir uruşda parahat ilatyň garşysyna ýekelikde edilýän gazaply hereket bilen sistemalaýyn ýola goýlan kampaniýanyň arasynda uly tapawudyň bardygyny belleýärler.

Moreno-Okampo häzir mümkin bolan subutnamanyň barlanýandygyny bildirdi: “Käbir sebitlerde zorlanan ýüzlerçe adam bar. Biziň öňümizde duran mesele şeýledi: bu zorlamalar Kaddafiniň özüne degişlimi ýa-da kazarmalarda käbir adamlar tarapyndan bolan zatmy? Bizi ikirjiňlendiren şu boldy. Ýöne indi zorlama kararyna geleniň Kaddafiniň özüdigi barada elimize maglumatlar gowuşýar. Bu bir täze zat. Bu onuň ilaty kontrol etmek üçin ozal ulanan metody däl. Zorlama zulum-sütemiň bir täze ugry”.

Bu aýyplamalar barada Kaddafiniň režimi tarapyndan entek berlen beýanat ýok. Ol Halkara jenaýat suduny ykrar etmeýär.

Söweş guraly

Moreno-Okampo adamzadyň garşysyna jenaýat edenlikde bildirilýän aýyplamalaryň esasynda Kaddafiniň özüniň, ogly Saif al-Islamyň, şeýle hem režimiň aňtaw gullugynyň başlygy Abdullah al-Sanussiniň tussag astyna alynmagy üçin order çykarylmagy barada maý aýynda Gaagadaky suda haýyşnama berdi. Ýöne ýeterlik subutnama ýoklugy sebäpli zorlama aýyplamasy bu haýyşnama girizilmändir. Emma bu işiň indi edilmegi mümkin.

Halkara jenaýat sudunyň Baş prokurory Luis Moreno-Okampo
“Biz ýene subutnama toplaýarys. Zorlamalar barada elimizde gyzykly tutaryklar bar. Sebäbi Liwiýada dissident diýilýänlere hüjüm etmekde zorlama bir adaty taktika däldi. Biz indi hökümete garşy adamlar barada Liwiýada zorlama syýasatynyň bolandygy dogrusynda elimizde maglumat bardygyny tassyklaýarys. Sudýa höküm çykaransoň, göreris, zorlamak bilen bagly aýyplamany hem goşup täze haýyşnama bermegimiz mümkin” diýip, Moreno-Okampo aýtdy.

Bileşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň fewral aýynda Liwiýa barada çykaran 26-njy nomerli rezolýusiýasynda Kaddafiniň režiminiň adamzadyň garşysyna edýän jenaýatlary barada barlag alyp barmagy üçin Moreno-Okampo ygtyýar berildi.

BMG-niň uruş guraly hökmünde ulanylan sistemalaýyn zorlamalara berýän ünsüni birsyhly artdyrýar. Baş sekretar Ban Ki-mun şwesiýaly Margaret Wallströmi ýaragly konfliktlerde bolýan jynsy zorluk barada iş alyp barmagy üçin ýörite ilçi edip belledi.

Utanyp gezýän aýallar

Wallström ýaňy golaýda Birleşen Ştatlaryň Brown uniwersitetinde eden çykyşynda konfliktde jynsy zorlugyň ileri tutulýan ýaraga öwrülendigini aýdyp, “sebäbi ol hem arzan, hem sessiz-üýnsüz hem-de täsirli” diýdi.

“Munuň üçin ok ýa bomba gerek däl-de, diňe bir ýaman niýetli adam gerek. Jynsy zorluk diňe pida çekeni ruhy hem fiziki taýdan maýyp edenok. Ol tutuş bir jemgyýetiň dargamagy üçin tohum hem sepýär. Kä halatlarda aýallar göwreli bolýar ýa SPID keseline ýolukýar” diýip, Wallstöm aýtdy.

Liwiýada Kaddafä degişli güýçleriň özüni zorlandygyny aýdan ilkinji aýal Eman al-Obeýdi boldy.
Wallström kofliktli regionlarda zorlanandygyny aýdyp bilmän, utanyp gezýän aýallaryň sany muny aýdýanlardan 10 ýa 20 esse ýokarydyr diýip çaklýar.

Liwiýada Kaddafä degişli güýçleriň özüni zorlandygyny aýdan ilkinji aýal Eman al-Obeýdi boldy. Ol maý aýynda Tripolide žurnalistleriň bolýan myhmanhanasyna kürsäp girip, özüni Kaddafä degişli esgerleriň zorlandygyny aýtdy. Obeýdi aýtjak zatlaryny entek aýdyp bolmanka, Kaddafiniň howpsuzlyk agentleri gelip, ony alyp gitdiler.

Birnäçe günläp gürüm-jürüm bolan Obeýdi soňra Kaddafiden ýüz öwrüp, gozgalaňçylara goşulan harby işgärleriň goldamagy bilen ýurtdan gaçyp çykdy.
XS
SM
MD
LG