Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa ÝB-niň girizen sanksiýalaryny ret edýär


Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem ýurduň içerki işlerine daşardan goşulmaklaryna garşy çykdy. Şeýle-de ol Damaskyň Türkiýe bilen gowy gatnaşyklaryny saklamaga synanyşýandygyny aýtdy.

Muallem Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny hem ret etdi. Siriýada hökümetiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagy sebäpli, Damaska garşy sanksiýalar girizilipdi.

Oppozisiýanyň berýän maglumatyna görä, mart aýynyň ortlaryna Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan protestleri basyp ýatyrmak üçin hökümetiň geçirýän çärelerinde 1,400 töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG