Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçy Sting Astanada planlaşdyran konsertini ýatyrdy


Ýekşenbe güni britaniýaly meşhur aýdymçy Sting Gazagystandaky nebitçileriň hukuklarynyň basgylanmagyna protest bildirip, özüniň Astanada planlaşdyran konsertini ýatyrdy.

Ol düýn gazagystanly nebitçileriň ýagdaýy barada halkara «Amnesty International» guramasynyň beren maglumatyndan soň, şeýle karara geldi. Aýdymçy Sting şu duşenbe güni Astanada konsert bilen çykyş etmelidi.

Şu ýylyň maý aýynda Gazagystanyň «UzenMunaýGaz» kompaniýasynyň işgärleri öz aýlyk haklarynyň kemeldilmegine protest bildirip, demonstrasiýa geçiripdiler.

Geçen hepde «UzenMunaýGaz» kompaniýasy özara kontraktlaryň düzgünini bozanlykda aýyplap, 250 töweregi işgäri işinden boşadandygyny mälim etdi.

Britaniýaly aýdymçy Sting 2009-njy ýylda Özbegistanda konsert bilen çykyş edendigi üçin ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG