Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretary Ysraýylyň harbylaryny aýyplaýar


Çarşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Ysraýylyň harbylaryny liwanly parahat demonstrasiýaçylara garşy ýarag ulanmakda aýyplap çykyş etdi.

Liwanyň Goranmak ministrligi şu ýylyň 15-nji maýynda Ysraýyl bilen Liwanyň serhet ýakasyndaky demonstrasiýa wagtynda Ysraýylyň harbylarynyň atan okundan Liwanyň raýatlaryndan 7-siniň ölüp, 111-siniň hem ýaralanandygyny aýdýar.

Öz gezeginde Ysraýylyň hökümeti liwanly protestçileriň serhet liniýalaryny kesip geçmek üçin eden synanyşyklarynyň öňüni almakda Liwanyň häkimiýetleriniň hiç hili çäre görmändiklerini aýdyp, bu wakada Liwanyň hökümetini aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG