Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki premýer Timoşenko sudýany «arwah» diýip atlandyrdy


Çarşenbe güni Kiýewiň sudunda geçirilen diňlenişikde Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko sudýany «arwah» diýip atlandyrandygy üçin suduň zalyndan çykaryldy.

Ýuliýa Timoşenko bildirilýän aýyplamalar boýunça alnyp barylýan sud diňlenişikleri dawa-jenjeller bilen alamatlanyp gelýär.

Ukrainanyň prokuraturasy Ýuliýa Timoşenkony wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýa bilen dahylly işlerde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG