Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu gezek doly aldap bilmediler


Ýazgulyýew: "Ýolbaşçylarymyz halk bilen döwletiň bitewiligini isleýän bolsalar, bu pajyganyň näçe mukdarda weýrançylyk edendigi doly kesgitlenmeli".
Ýazgulyýew: "Ýolbaşçylarymyz halk bilen döwletiň bitewiligini isleýän bolsalar, bu pajyganyň näçe mukdarda weýrançylyk edendigi doly kesgitlenmeli".
7-nji iýulda Abadan şäherini alkymlap oturan harby polkuň ýarag ammarynda dörän partlamanyň netijesinde ýogalan adamlaryň bardygy, onuň ýetiren agyr zyýanlary Türkmenistan hökümeti tarapyndan inkär edilipdi. Şol gün agşam ýurduň prezidentiniň ýolbaşçylygynda döwlet howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary mejlisi geçirilse-de, ol derwaýys mejlisiň nähili geçenligi telewideniýe boýunça halka görkezilmedi. Diňe bu ýygnagy gysgaça kommentirlän habarçy Abadandaky partlamanyň feýerwerk saklanýan ammarda ýüze çykandygy, binalara uly zyýan ýetmändigi, adam pidalarynyň ýokdugy hakda prezidente hasabat berlendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem boldy diýilýän partlamanyň hakykatdanam, pirotehnika saklanýan ammarda ýüze çykandygy, adam pidalarynyň asla ýokdugy, binalara, desgalara zeper ýetmändigi hakda beýanat ýaýratdy.

Ýöne dynç günüdigine garamazdan, prezidentiň ýolbaşçylygynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirilip, onda Abadan şäherinde ýerleşýän pirotehnika ammarynda bolan partlamanyň soňra ýarag ammaryna düşmegi bilen adam pidasynyň bolandygy, käbir binalara zeper ýetendigi boýun alyndy, bu partlamanyň eýýäm käbir günäkärleri tapylyp, wezipeden boşadyldy, Türkmenistanyň goranmak ministrine berk käýinç berlip, onuň harby çini polkownik derejesine getirildi.

15 adam

Aslynda dört sagada çeken bu mejlis barada ýurduň telewideniýesiniň “Watan” habarlar programmasynda bäş minutlyk habaryň berilmegi gaty geňdir, şeýle hem adam pidalarynyň bolandygy aýdylyp, prezident ýüze çykan ölüm-ýitime gynanç bildirse hem, partlama sebäpli bolan pidalaryň sanynyň juda azaldylyp, olaryň «bary-ýogy 15 adam» diýlip berilmegi jebir çeken adamlar üçin örän göwne degerlikdir.

Türkmen hökümeti öňki betbagtçylykly ýagdaýlar bolan wagty ýalan maglumat berip, halky aldaýşy ýaly, ýarag ammarynda bolan partlamany bütinleý inkär edip, halky aldap bilmedi, sebäbi bu partlamanyň ýarag ammarynda bolandygyny bilmek üçin, bu ugurdan ýörite ekspert bolmagam hökman däldi. Partlamanyň sesi, gümpüldisi 40-45 kilometrlikden eşidildi.

Emma, bolan wakany az-owlak boýun alsa-da, türkmen hökümeti ýene dogrusyny aýtmady. Adam hukuklary boýunça toparlar adam pidalarynyň sanynyň 200-e golaýdygyny aýdýarlar.

Elbetde, prezident zyýan çekenlere kömek ediljekdigini aýtdy. Meniň özüm Abadana baryp, onlarça esgerleriň ýarylman ýatan snarýadlary gözläp ýörendiklerini, bir gurluşyk brigadasynyň bolsa döwlen äpişgeleri aýnalap ýörendigini gördüm. Hojalyklara çaý, süýji, azyk harytlary paýlanýan eken.

Üstüne snarýad düşüp, öýleri ýykylan ýa jaýlaryna agyr zeper ýeten adamlar öýlerini abatlamaga söz berselerem, hökümetden häzire çenli özlerine ýardamyň ýokdugyny aýtdylar.

Mediada aýdym-saz

Islendik waka degişli meseläni çözmek üçin şol meseläni ýüze çykaran wakany görmek gerek. Emma Türkmenistan hökümeti bu pajygany henizem doly görenok. Munuň şeýledigini pidalaryň azyndan on bäş esse azaldylyp aýdylmagam subut edýär. Maýyp-müjrüp bolanlar asla ýatlanmadam. Şonuň üçin dünýä jemgyýetçiligine äşgär bolan bu pajygaly partlamany doly derňäp, anygyna ýetmek üçin däl-de, türkmen hökümeti halys inkär edip bolmajak fakty boýun alman, gürrüňe galmazlyk üçin partlamanyň pidalarynyň diňe ujupsyzja bölegini tassyklamaga mejbur bolana meňzeýär.

Hatda türkmen emeldarlarynyň özleri özleriniň baýdak edinýän “Döwlet adam üçindir” diýýän syýasy şygarlaryna sähelçe ynanýan bolsadylar, onda olar onlarça adamyň ölüminiň, maýyp-müjrüp bolmagynyň hatyrasyna ýurdumyzda ýas gününi yglan ederdiler. Emma ýolbaşçylar halkyň agysyna aglap, ýurtda ýas gününi yglan edenden geçen, ilatyň biri-birine duýgudaşlygynam berenoklar, hatda prezidentiň ýarag partlamasynda adam pidalarynyň bolandygyny dile getirip, aýdyp, olaryň dogan-garyndaşlaryna gysgaça gynanç bildirse hem ýörite gynanç ýüzlenmesini kabul etmändigini raýatlarymyz gaty geň gördüler.

Ýarag partlamasy netijesinde ýüzlerçe hojalyklaryň gam laýynda, ýasda oturandygyna garamazdan, türkmen mediasy şady-horramlygyny dowam edýär, döwlet emeldarlary bolsa “Halk näme bolsa şol bolsun” diýip, bu gün-erte haýsydyr bir kurorta gidip, döwletiň hasabyna dynç alarlar. Döwlet emeldarlarynyň halkdan üzňedigini, olaryň öz dünýäsiniň bardygyny düşündirip oturmagyň hajatam ýok bolsa gerek.

Ýöne ýolbaşçylarymyz halk bilen döwletiň bitewiligini isleýän bolsalar, ilki bilen ýarag partlamasynda bolan ähli adam pidasyny doly boýun almaly, ýogalanlary atma-at beýan etmeli, bu pajyganyň näçe mukdarda weýrançylyk edendigi doly kesgitlenmeli, iň esasy hem ölen-ýitenlerimiziň hormatyna ýurdumuzda azyndan üç gün ýas güni diýlip yglan edilmeli. Şeýle edilse, halkymyz Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ilkinji gezek döwlet emeldarlaryna ynansa gerek.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG