Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinszýanda polisiýa stansiýasyna edilen hüjümde dört adam öldürildi


Hytaýyň döwlet habar gullugy Sinszýanda polisiýa stansiýasyna edilen hüjümde azyndan dört adamyň öldürilendigini aýdýar.

Sinhua habarlar gullugy hüjümçileriň uýgur azlygyndan bolup, Hotan şäheriniň polisiýa binasyna ot berendiklerini we birnäçe adamy zamun alandyklaryny ýazdy.

Habarda aýdylmagyna görä, ölenleriň ikisi zamun alnan adamlar, biri howpsuzlyk işgäri, ýene biri bolsa polisiýa ofiseri.

Germaniýada ýerleşýän Dünýä uýgur kongresiniň sözçüsi bu çaknyşygyň uýgurlaryň bir toparynyň bir bölek polisiýa işgärini zamun alyp, öz tutulan garyndaşlarynyň boşadylmagyna talap etmek synanyşygy netijesinde dörändigini aýtdy.

2009-njy ýylyň iýulynda uýgurlaryň regional paýtagty Urumçyda köplükdäki han hytaýlylyar bilen uýgurlaryň arasynda bolan çaknyşykda 200 çemesi adam öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG