Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti german hassahansynda özüni bejerdýär


Germaniýanyň «Bild» gazeti Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň demirgazyk Germaniýada bir hassahana ýerleşdirilendigini, ýöne onuň nähili bejergi alýandygynyň belli däldigini ýazýar.

Gazet 71 ýaşly Nazarbaýewiň gizlinlikde Hamburg-Eppendorf uniwersitet saglyk merkezine girendigini we berk howpsuzlyk şertlerinde goralyp saklanýandygyny ýazýar.

Prezidentiň hassahana ýerleşdirilmeginde Germaniýanyň daşary işler ministrliginiň araçylyk edendigi aýdylýar. Emma AFP-niň habarçysy jaň edende, ministrligiň sözçüsi özüniň Nazarbaýewiň Hamburgdadygyndan bihabardygyny aýtdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bolsa, prezidentiň häzir dynç alyşdadygyny aýdyp, nirededigini aýtmady.

Hassahananyň sözçüsi bu mesele boýunça kommentriý bermekden boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG