Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýa gandöküşligi barada maslahat edýär


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi günbatar döwletleriniň siriýa režiminiň protestçileri gan bilen basyp ýatyrmagyny ýazgarmak boýunça teklip edýän rezolýusiýasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýapyk gapylaryň arkasynda duşuşyk geçirýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Howpsuzlyk geňeşiniň duşuşygyndan öň ýaýradan ýazmaça beýanatynda halkara jemgyýetçiligi siriýa halkynyň arkasynda durmaly diýdi we Siriýa baradaky rezolýusiýa garşy çykan geňeş agzalaryny pikirlenmäge çagyrdy.

Howpsuzlyk geňeşiniň weto hukukly hemişelik agzalary Orsýet bilen Hytaý başda prezident Başar al-Assadyň režimini ýazgarýan rezolýusiýany goldamakdan boýun gaçyrypdylar.
XS
SM
MD
LG