Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada bir aýal öz ogluny öldürmegi buýurdy


Rus sülçüleri Moskwada bir aýalyň öz 21 ýaşly ogluny öldürtmek üçin hakyna adam tutandygyny, sebäbi onuň oglunyň täze kompýuter almak üçin karz alan puluny yzyna gaýtaryp bermändigini aýdýarlar.

Derňew komissiýasynyň beýanatynda 47 ýaşly aýalyň täze noutbuk satyn almak üçin özünden karz pul alan we ony yzyna tölemekde geleňsizlik eden ogly bilen tersleşendigi aýdylýar.

Şondan soň ol aýal bir tanşyna öz ogluny öldürse 12 müň ýewro ýa-da 17 müň 160 dollar berjegini aýdýar.

Ýöne hakyna tutulan adam bu barada polisiýa habar berýär we ol aýal ogluny öldürtmek üçin soňky tölegini edende tussag edilýär.
XS
SM
MD
LG